ýaz gije—gündiziň deňleşýän güni—ýylyň ýylyna gaýtalanýan astronomiki we geografiki belgidir, onuň bilen birnäçe tebygy hadysalar we prosesler baglydyr. 21-nji martda ýer, öz okunuň daşyndan aýlanyp, şonuň bilen birlikde günüň hem daşyndan aýlanyp, güne garşy belli bir nokada gelýär, şonda ýylylyk energiýasyny berýän gün, şöhlelerini dikligine ekwatora tarap berýär, göz öňüne getirilýän ýeriň oky bolsa, güne tarap merkezi ýa--da takyk wertikal ýagdaýda durýar. şeýlelikde ekwatordan polýuslara çenli, ýeriň iki ýarym tegelegi hem, deň ýyladylýar. şu ýagdaýda ýer, ýylda iki gezek bolýar. 21-nji mart—ýaz gije—gündiziň deňleşýän güni we 23-nji sentýabr, güýz gije—gündiziň deňleşýän güni. şol gün ýagtylyk bilen tümlik laýyk ikä bölünýärler—hersi 12 sagatdan. ýylyň döwürleri çalyşyp durýarlar, eger—de günorta ýarymtegelekde güýz bolsa, onda demirgazyk ýarymtegelekde ýaz we tersine. astronomiýaň nukdaýnazaryndan 21-nji martda bahar gelýär we 22—nji iýuna, ýagny tomus günüň gysgalyp başlaýan wagtyna çenli dowam edýär terjime eden kakamyrat geldiýew.