açlyk alfred hiçkok iýmäni gowy görýän eken. bir gün ol öýlänlige çagyrylypdyr. ýöne eýeleri desterhanyň üstini selçeň goýan ekenler, şonuň üçin ol her zatdan dadyp oňmaly bolupdyr. haçan-da kofe getirilende, öýüň eýeleri oňa ýüzlenip:-ýakynda, ýene-de bize myhmançylyga geleweriň”-diýip haýyşt edipdirler. açlygy ganmadyk alfred hiçkok:”hokman”-diýip jogap beripdir-“ýöne garaşyp durmalyň-da, häzir başlaýalyň”. aýawullyk we matematika bir gün beýik grek matematigi ewklidiň mugallimi ondan sorapdyr: -seniň üçin iki sany bitin alma gowymy, ýa-da dört sany ýarty. -ýogsa-da dört sany ýarty gowy. -näme üçin, olaryň tapawudy ýok ahyryn,- diýip halypasy aýdypdyr. -tapawudy bar,- diýip gelejekgi beýik matematik jogap beripdir.-iki sany bitin alma alsam, men olaň içinde gurçuk baryny- ýoguny bilmerin. çäksiz. nemis filosofy artur şopengauer öziniň işdämenligi bilen belli eken.ol bir oturanda, iki adamyň ýerine iýip bilýän eken, eger-de kimdir biri oňa geňirgense, onda ol, iki adamyň ýerine işleýändigini aýydýan eken. bir gün filosof öýlänligini edinip otyrka, bir ýoknasyz, biderek sorag bilen onuň başyny agyrtjak bolupdyr.akyldar ýüziniň ugruna “bilemok”diýip goýberipdir.beýle jogaba gahary gelen ýaş oglan: -men sizi hemme zady bilýän akyldar hasap edýärdim.-diýipdir. -ýok ýigit, akyl çäklidir, akmaklyk bolsa çäksizdir.-diýip şopengauer derrew jogabyny beripdir. çeplekeý jedel. mark twen ýaş wagty, wirjiniýa sitide habarçy bolup işleýän ekenh. bir gün billýartda, bir nätanyş, onuň bilen ýarym dollara jedel edipdir, özi hem çep eline oýnajagyny aýdypdyr. oýunda özinden öňe geçýän bolmansoň, twen nätanyşyň “gözine görkezeýin” diýip bolýa biýipdir. emma birinji oýunda ol utulupdyr. gahary gelen mark twen onyň sag elinde hem özi bilen oýnamagyny talap edipdir. onda nätanyş, “sag elimde oýnap bilemok, men çepbekeý”-diýipdir. degişgeň. daniýaly ertekiçi gans hristian andersen, özüne, görkine, kän üns bermeýän eken. ol kopengagende, egni köne plaşly, köne şlýapaly gezelenç edegen eken. bir gün, köçeleň birinde ony bir tanyşy saklap, degişjek bolup sorag beripdir: -bagyşlaň, kelläňizdäki köne zada şlýapa diýilýärmi? beýik ertekiçi jogabyna kän garşdyrmandyr: -bagyşlaň, siziň täze şlýapaňyzyň aşagyndaky gözgyny zada kelle diýilýärmi. duwara şemal. bütin dünýä dartyş kanununuň eýesi isaak nýuton lordlar palatasynyň agzasy eken. ol hemme ýygnaklara kemini goýman gatnaşýan eken. ýöne ýyllaryň dowamynda bir gezek hem çykyş etmändir. günleriň birinde ol ýerinden turup söz sorapdyr . hemmeler bu beýik şahsyň diýjek nutuguna seslerini çykarman garaşypdyrlar. zalda emele gelen dym-dyrslykda nýuton öz çykyşyna başlapdyr: ”jenaplar. men sizden haýyş edýärin, penjiräni ýapyň. bolmasa men sowuklaryn”. bolany. bu onuň birinji we iň soňky çykyşy bolupdyr. gahar mark twen fransiýada otlyda gezelenç edýän eken. dižon şäheriniň deňesinden geçenlerinde özini oýarmaklygy ýolça haýyşt edipdir: -eger-de, meni oýaran mahalyňyz, men gaharyma siziň üstiňize gygyrsam, üns bermäň, meni hökman dižonda düşiriň. haçan-da mark twen oýananda, eýýämi ertir bolupdyr, otly hem pariže golaýlapdyr.düşmeli ýerinden geçenine düşinen ýazyjy gaharyna ýolçyň ýanyna baryp, onuň üstine gygyrmaga durupdyr: -men henize çenli munuň ýaly gaharym gelen ýeri ýokdur. prowodnik geň galypdyr: -siz beýle bir gaharjaň hem däl. men gije bir amerikalyny dižonda otlydan düşirdim, ynha şol örän gaharjaň eken. gürlegen hyzmatkär. aleksandr dýumaň “üç muşketýorlary”-ny ilkiler gazýetler cap edýän eken.olar ýazyjyň işiniň her setirine töleýän ekenler. onda, dýuma köpiräk almak üçin, atosa bir hyzmatkär oýlap tapypdyr,ol “hawwa” ýa-da “ýok” diýip gürleýän eken. haçanda ol “üç muşketýor. ýigrimi ýyldan soň.”, eserini ýazanda, onyň her sözine töläp başlapdyrlar. onda atosyň hyzmatkäri, dyngysyz gürläp başlapdyr. hökman däl! . belli iňlis ýazyjysy jonatan swift, öz hyzmatkäri bilen jahankeşdelikde ýören eken. şol gün ýagyşly howa bolup, bularyň gijeki düşlemeli ýeriniň töweregini durşuna suw bilen palçyk alan eken. ukyň öň ýany swift hyzmatkärine ädigini arassalamagy buýrupdyr. hyzmatkär ýaltalyk edip buýrugy bitirmändir. haçanda ertesi swift hyzmatkärinden ädigi näme üçin arassalamanyny soranda, ol şeýle jogap beripdir: ”-ol pişäniň manysy ýok. daşyna çykan dessine ädikleriňiz ýene-de hapalanar”. “bolýar-da- diýip ýazyjy aýdypdyr, -onuň ýaly bolsa goşlary ýygna, haýal etmän ýola düşeli”. “ertirlik edinmälimi- diýip hyzmatkär ör- gökden gelipdir. “seni naharlamanyň manysy ýok ahyry.- diýip swift onuň jogabyny beripdir- sen bir salymdan ýene-de ajygarsyň”. hormat. nemes ýazyjysy gerd gauptman, wenesiýaň antikwar dükanyndan gadymy waza sayn almakçy bolupdyr. satyjy, örän mylakatlý eken, wazaň bahasynyň alty müň lirdigini aýdyp, ony hormatly müşderä dört müň lire berjekdigini aýdypdyr. gautman öziniň tanymaldygyndan göwni hoş bolup, wazany “nasional” myhmanhanasyna eltmekligi satyja buýrupdyr. -size kim diýmeli?-diýip satyjy sorapdyr. jüpine düşen häsýetnama. beýik fransuz ýazyjysy gi de mopossan, ir döwirlerde, bir ministrlikde ýönekeý işgär bolup işläpdir. kän ýyl geçenden soň, arhiwden , onuň adyna ýazylan häsýetnama tapylypdyr. “örän oňat işgär, ýöne, erbet ýazýar”. konserwatoriýaň hökimi. 1832ýylda, ýaş juzeppe werdi, milanyň konserwatoriýasyna okuwa girmekçi bolupdyr. ekzamende, ol öz düzen sazlaryny görkezipdir, roýalda oýnapdyr. emma oňa, “konserwatoriýadan umydyňyzy üziň, şäher sazandalarynyň arasyndan halypa gözleniň” diýip aýdypdyrlar. birnäçe ýyldan şol konserwatoriýa, özüne juzeppe werdiniň adyny dakmak ugrunda göreşipdir. lukman we küşt lukman nil filatow küşdiň janköýeri eken. bir gün onuň aýaly, onuň soňky döwir işinden gijä galyp gelýänini ýaňzydypdyr. nil fedorowiç, bir gimnaziýaçyň öz-özi bilen küşt oýnap oturanyny görip, onuň bilen oýuna oturandygyny,ony dessine utmakçy bolaudygyny, emma utulandygyny gürriň beripdyr.”ertesi ýörite ir gelip, çynym bilen oýnadym, ýene-de utuldym. soňky günler hem şonuň ýaly ýagdaý gaýtalandy. ony asla utup bolonak.”-diýip ol arzyny aýalyna aýdypdyr. şol gürrüňi edilýän gimnaziýaçy, gelejekgi dünýä çempiony alýohin eken. “öwgi” bernard şou örän hor adam eken. bir gün semiz biri, oňa:”size seredip, siziň maşgalaňyz açlyk çekýä diýse boljak”- diýipdir. “size seretseň welin, şol betbagytçylygyň sebäbini görse boljak.’-diýip ol jogap beripdir. özim duraryn. belli italýan sazşynasy žoakino rossiniň öýine, pezaro şäherjiginiň häkimliginden wekillik gelipdir, olar şänerde onuň bürünç heýkeliniň goýuljakdyny aýdypdyrlar. -heýkeliň bahasy näçe bolar?- diýip, rossini sorapdyr. -ýigrimi müň lir. -onda şol puly maňa beriň, heýkeliň ýerine özim duraryn.- diýip ol jogap beripdir. . patyşa göwni fransuz koroly lýudowik-14, belli şahyr nikolaý bualo, öz goşgularyny okap beripdir, we onuň pikirini sorapdyr. şahyr örän ýiti adam eken: -patyşahym, siziň erbet goşgy ýazasyňyz gelen eken, ol hem size başardypdyr, siziň goşgyňyzda ne duz bar, ne-de many.-diýip ol jogap beripdir. raýdaşlyk. bir gün belli filosof şopengauer öýlänlik edinip otyrka, gapdalynda oturan aýal adam, öz ärinden närzadygyny gürriň berip onuň ýüregine düşipdir. haçanda sözine dyngy berip, özine düşinýärmikä diýip soranda ol:-ýok- diýip jogap beripdir-ýöne äriňize, örän oňat düşinýän. sorguç. belli şahyr mihail swetlow, öýine gelende, aýaly uly alada bilen, oglunyň syýa içenini aýdypdyr. -sen dogrudan hem syýa içdiňmi?-diýip ol gaharlanypdyr. -hawwa,- diýip, ogly ýüzini salyp jogap beripdir. -yzyndan sorguç iýdiňmi?... ýürek ýukalyk. belli basniýa ýazyjysy iwan krylow, polady ýumşak adam bolupdyr, eýesiniň göwnine degmejek bolup, hili pes bolsada, eserlni magtap bilýän eken. bir gezek bir nalajedeýin şahyr, täze kitabynyň giriş sözinde öz goşgulary barada iwan krylowuň seslenmesine salgylanypdyr. -görýäňizmi iwan andreýewiç, siz onuň göwnine degmejek bolýaňyz, ol bolsa siziň adyňyzdan gürleýär- diýip krylowyň dostlaryndan biri käýinipdir.-ol indi hemme ýerde siziň sözleriňizi mysal getirip öwiner. -zyýany ýok, hemmeler meniň basnýa ýazýanymy bilýärler ahyryn.-diýip krylow arkaýyn jogap beripdir. ýalňyşlyk. lew tolstoý içgisizligiň tarapdary eken. bir gün iwan bunin tolstoýyň göwninden turmakçy bolupdyr: -indi hemme ýerde içgisizleň jemgyýetlerini döredýärmişler... tolstoý gaşyny çytyp:-ol nämäň jemgyýetleri.- diýip sorapdyr. -içgisizleň jemgyýetleri-... -olar näme, arak içmezlik üçin ýygnanyşýarlarmy? ýalan sözlemesinler.aarak içmejek, adamlar hiç haçan ýygnanyşýan däldirler terjime eden rejep guwaja.