nikulin ýuriý wladimrowiç (18 dekabr 1921—21 awgust 1997), russiýaly artist, sssr-iň halk artisti (1973), sosialistik zähmetiň gahrymany (1990). beýik watançylyk urşuna gatnaşyjy. moskwaň sirkiniň ýanyndaky studiýany tamamlandan soň, 1950-nji ýyldan başlap m. i. şuýdin bilen bilelikde masgarabaz bolup şol sirkde çykyş edip başlaýar. 1982-nji ýyldan başlap, moskwanyň swetnoý bulwar sirkinde baş režisýor. kinorežesýor l. i. gaýdaýyň filimlerinden (“kawkaz ýesiri”, 1967; “brilliantly el”, 1969) tanalýan meşhur komediýa artisti. gaýdaýyň irki gysgametražly filmlerindäki (balbes) masgarabazlyga ýakyn personažy, onuň hemişelik maska-obrazyna öwrüldi. artistiň çuň dramatik talanty “agaçlaryň uly wagty” (1962), “muhtar, meniň ýanyma!”, “ýigrimi gün uruşsyz” (1977), “garantga” (1984) we beýleki filmlerde açyldy. rossiýa federasiýasynyň döwlet baýragynyň eýesi. birnäçe gezek çap edilen “çynlakaý diýen ýaly...” memuarlar kitabynyň awtory. 1990-njy ýyllarda ilhalar “ak totyguş” telegepleşigiň alypbaryjysy we ýene-de birnäçe telegepleşikleriň gatnaşyjysydyr. onuň özüne çekiji akýürekliligi, adamkärçiliginiň tebygylygy, durmuşa bolan söýgisi ählihalk hormatyna eýe boldy. ýuriý wladimirowiç barada dynman gürrüň edip bolar. ýöne onuň “çynlakaý diýen ýaly...” kitabynda özi barada aýdyşy ýaly gowy hem gyzykly hiç kim aýdyp bilmez. bu gezek ady agzalan kitapdan, “ýuriý wladimirowiçden anekdotlary” hödürleýäris. odessa, gedaý el serip otyr. ýanyna isaak gelýär, ep-esli wagt jübilerini dörüp durýar, ahyrsoňy bir manat çykarýar—da onuň şlýapasyna oklaýar we: --bagyşla meni abramçik, düýn men öýlendim, indi meniň aýalym we gaýyn enem bar. şonuň üçin men saňa iki manat berip bilmeýärin—diýýär. abram birdenkä ýerinden böküp turýar-da, ähli köçe eşider ýaly gygyryp başlaýar: --hemmäňiz bäri geliň! görüň bu nejisi! düýn ol öýlenenmiş, bu gün bolsa men onuň maşgalasyny eklemeli! bazarda. -bu atyň bahasy näçe? -bagyşlaň zenan, bu jüýje. -men bahasyna seredýärin. -är-aýal goldbergler şu ýerde ýaşaýarlarmy? -ýok. ýöne birinji gatda jenap gold, dördünji gatda bolsa hanym berga ýaşaýarlar. -düşnükli. onda olar aýrylyşan bolsalar gerek. student öýüne hat ýazýar: “eje, men institutda okaýaryn. hemmeler okuwa awtobusda gatnaýarlar, men bolsa takside”. ejesi ogluna jogap ýazýar: “oguljugym, özüň ýalylardan saýlanmak nämä gerek. sen hem awtobus satyn al-da, iller ýaly şonda gatna”. sirkiň direktoryna jaň gelýär: -aýtsaňyzlaň, size gürleýän at-a gerek däldir? direktor gaharly trubkany oklaýar. ýene jaň gelýär. --aýdyň ahyryn, size gürleýän at gerekmi ýa-da ýok? -garagollyk etmäňi goý indi! ýene-de jaň. -eý, paňkelle! näme maňa toýnagym bilen nomer aýlamak aňsatdyr öýüdýärmiň? ýaş artist ilkinji gezek sirk bilen gastrola gitjek bolýar. ýoldaşlary oňa: -sen bolmanda çemodan bir satyn al ahyryn-diýärler. -näme üçin -balagyňy, penjegiňi, köýnegiňi... goýarsyň. --onda men näme geýip gideýin? iki sany ite baş öwredijiler öwünýärler: -meniň jildam gazet okap bilýär. -hawa, bu barada meniň şarigim maňa aýdypdy. sirkde. gözbagçy, zalda oturan oglanjygy maneža çagyrýar: -oglanjyk, meni birinji gezek görýäniňi oturanlara aýdyp bilermiň? -hawa kaka. terjime eden rejep guwaja.