bir bar eken, bir ýok eken, ertekiler dünýäsinde bir şäherjik bar eken. onda balajalar ýaşaýan eken. olaryň boýlary örän kiçi bolan soň olara balaja diýilýän eken. her bir balajanyň boýy, kiçiräk hyýardan uly däl eken. olaryň ýaşaýan şäherjigi örän ýaraşykdy we gelşiklidi. her bir öýjagazyň töwereginde margaritkalar we çopantelpekler, delwereler we tozga güller ösýän eken. şonuň üçin bolsa gerek, ol ýerde köçeleriň atlary hem gülleriň atlary bilen kybapdaş gelýärdi: çopantelpekler köçesi, jümjümeler alleýasy, bägüller bulwary. şäheriň özüne hem gülgün şäherjigi diýilýärdi. şäherjik derýanyň kenarynda ýerleşen eken. balajalar bu derýa hyýarlaryň derýasy diýip at dakypdyrlar, çünki derýanyň kenarlarynda ösüp oturan hyýardan doly eken. derýanyň ol kenarynda bolsa aňyrsy görünmeýän tokaýlyk ýaýrap ýatyrdy. balajalar berýoza agajynyň gabygyndan gaýyk ýasanyp, derýadan ýüzip geçýärdiler-de tokaýlykda kömelek, hoz we her- dürli ir- iýmişleri ýygnaýardylar. balajalara ir- iýmiş ýygnamak kyn bolýan eken, ir- iýmişleri ýerden çöpleseler hem hoz üçin agajyň şahasyna çykmaly bolýarlar, üstesine ýanyň bilen byçgy almaly bolýardy. balajalaryň hiç birisi elleri bilen hozy ýolup bilmeýärdi, ony byçgy bilen kesmeli bolýardy. kömelekleri hem byçgy bilen byçgylaýardylar. kömelegi düýbünden kesýärler-de soňra ony byçgy bilen bölek- bölek edip öýlerine daşaýardylar. balajalar birmeňzeş däldiler: olaryň birnäçesi oglan körpelerdi, beýlekileri bolsa gyz körpelerdi. oglanjyklar üstünden goýberilen balajyklary ýa-da eginiaşyr kemerli kelte balaklary geýmäni gowy görýärdiler, gyz körpeler bolsa ala-mula, açyk reňkli matadan dikilen köýnejikleri geýýärdiler. oglanjyklar saçlaryny timarlamany halamansoňlar, elmydama kelte saçly gezýärdiler, gyz çagalar bolsa tersine saçlary uzyn eken, hatda billerine ýetýän eken. olar saçlaryna timar bermäni gowy görýärdiler, saçlaryny örüp oňa saçujy dakýardylar. oglanjyklar özleriniň oglan balajadyklaryna buýsanýardylar, gyz balajalar bilen dostlaşmaýardylar, oýnamaýardylar. gyz çagalar bolsa özleriniň gyz balajadyklaryna guwanýardylar we öz gezeklerinde oglanjyklar bilen gatnaşmaýardylar, olar bilen oýnamaýardylar. haçanda gyz çaga köçeden barýarka öňünden oglanjyk çyksa, onda ol dessine ýoluň beýle ýüzüne geçýärdi. elbetde ol dogry edýärdi, sebäbi oglanjyklaryň arasynda dek geçip bilmeýänleri hem bardy. hökman göwnüne degjek bir zadyny diýjek, itjek, hatda saçyndan hem çekjek. elbetde, oglan balajalaryň hemmesi onuň ýaly däl, ýöne gowymy ýa-da erbetmi olaryň maňlaýyna ýazylmandyr ahyryn. şonuň üçin olar gabat gelmezlik üçin şol ýoldan ýöremezligi özlerine makul bilýärdiler. şonuň üçin oglanjyklar gyz çagalary ulumsy hasap edip “paňkyllawaçlar” (olaryň tapýan sözlerini görsene) diýip atlandyrýardylar. gyz çagalar bolsa öz gezeginde oglanjyklary “dawaçyl” we beýleki göwüne degiji sözler bilen atlaryny ýetirýärdiler. belki okyjylarymyzyň birnäçesi bu zatlary özünden tapýan bolsa gerek diýip pikir edýändir, sebäbi durmuşda olar ýaly körpeler hem gabat gelmeýär. siz bilen bu barada dawam ýok. dogrudan hem durmuşda bular ýaly zat ýokdur. ýöne biziň wakamyz ertekiler dünýäsindäki şäherjikde bolýar ahyryn. ol ýerde bolsa hemme zat bolup biler. çopantelpekler köçesindäki öýjagazlaryň birisinde on alty sany körpeje oglanjyklar ýaşaýardylar. olaryň iň ekabrjasyna bilegenje diýýärdiler. oňa bilegenje diýenleriniň sebäbi, ol hemmelerden hemme zady köp bilýärdi. onuň köp bilýäniniň sebäbi bolsa dürli –dürli kitaplary okaýan eken. kitaplar onuň stolunyň üstünde we stolunyň astynda, onuň krowatynyň üstünde we onuň astynda ýaýrar ýatar eken. onuň otagynyň içinde kitaplaryň ýok ýeri ýokdy. ol kitaplary köp okap, ahyryn bilegenje adyna eýe bolupdyr we örän akylly körpejä öwrülipdir. şol sebäpden hemmeler ony üns berip diňleýärdiler we gowy görýärdiler. ol elmydama gara penjek geýýärdi. haçanda stoluň başyna geçip, burnunyň üstiaşyr äýnegini dakynyp kitabyny okap başlan wagty, ol hakyky professora meňzeýärdi. şol öýjagazda hemmelere belli balaja lukman melhemjik ýaşaýardy, ol ähli balajalary kesellerden goraýardy. ol mydama ak ýektaýly gezýärdi we kellesine üsti gotazly ak papajyk geýýärdi. şeýlede bu ýerde ady belli mehanik nurbatjyk we onuň kömekçisi galamjyk ýaşaýardylar. ondan başgada bu ýerde gazlandyrylan we süýjedilen miwe suwuny gowy görýän şekerli toşapliýew ýaşaýardy. ol örän mylakatlydy. özüne adyny we familiýasyny tutup ýüzlenenlerinde, begenip iki bolup bilmeýärdi, haçanda diňe toşapliýew diýenlerinde halamaýardy. ýenede şu öýde atyjy atly awçy ýaşaýardy. onuň bulka atly kinniwanja güjigi we dyky atýan tüpeňi bardy. bulardan başgada bu ýerde týubik atly hudožnik, guslýa atly sazanda we beýleki körpeler- depegenje, iňirdegenje, dymmaja, byzmyjak, ýitiregenje, iki dogan belkije we mümkinje ýaşaýardylar. ýöne olaryň arasynda iň belli balaja bilmezejik atly körpedi. oňa bilmezejik diýenleriniň sebäbi, ol hiç zat bilmeýärdi. kellesinde mawy şlýapa bolsa, aýagynda ýiti sary reňkli balagy geýen bolsa, egnine gök galstukly narynç reňkli köýnek geýen bolsa onda ol bilmezejikdir. ol aslada açyk reňkleri gowy görýärdi. totyguş kimin bezenip, ol uzynly gün şäherjikde aýlanar ýörerdi, ýalan sözlerden düzülen başdan geçirmeleri her kime gürrüň berer ýörerdi. ondan ötri ol elmydama gyz balajalaryň göwnüne degýärdi. şonuň üçin balajalar onyň narynç köýnegini uzakdan tanap dessine yzlaryna öwrülip, öýlerine gaçyp girýärdiler. bilmezejigiň gunka atly dosty bardy, ol margaritkalar köçesinde ýaşaýardy. bilmezejik gunka bilen birnäçe sagatlap gürleşip oturup bilýärdiler. olar bir güniň dowamynda ýigrimi gezek sögüşip, ýigrimi gezek ýaraşyp bilýärdiler. bilmezejik has-da bir taryhy wakadan soň bellemşa boldy. günlerde bir gün ol şäherjikde gezelenç edip ýörkä, giň meýdana düşenini özi hem duýmandyr. töwerekde bir körpede ýok eken. şol wagt ol ýerden maý tomazagy uçup barýan eken. ol atdanlykda, görmän bilmezejigiň ýeňsesinden süsüpdir. bilmezejik kelemenläp ýere ýykylypdyr. tomazak bolsa şol wagtyň özünde uçupdyr-da gözden gaýyp bolupdyr. bilmezejik böküp ýerinden turupdyr-da, özüni kim urup ýykdyka diýip eýlesine beýlesine garanjaklapdyr. emma görse töwereginde hiç kim ýok. “meni kim urdyka?”- diýip ol pikir etdi- “belki ýokardan bir zat gaçandyr?” ol kellesini galdyryp ýokaryk seretdi, emme ýokarda hem hiç zat ýokdy. diňe gün bilmezejigiň depesinden oz ýiti şöhlelerini seçýärdi. “belki günden bir zat gaçandyr.”- diýip bilmezejik pikir etdi.- “dogrudan hem günden bir bölek döwlipdir-de, meniň kelläme gaçypdyr.” ol öýüne tarap ýöneldi, we özüniň dürbiçi atly tanyşyna duşdy. dürbiçi ýyldyzçydy, ol çüýşe döwüklerinden ulaldyjy aýnalary ýasamaga ökdedi. haçanda ol ulaldyjy aýnalardan haýsyda bolsa bir zada seredende, şol zat göwnüňe bolmasa ullakan ýalydy. şolar ýaly aýna gyýyklaryndan, dürbüçi ullakan asmana seredilýän dürbi ýasady. ol dürbi bilen asmandaky ýyldyzlara we aýa seredip bolýardy. şeýdip ol ýyldyzçy boldy. -eşidýärmiň dürbiçi!- diýip bilmezejik oňa gygyrdy--düşünýärmiň nämeler bolup geçdi: günden bir bölek döwüldi-de ýere gaçdy we meniň kelläme degdi. -diýýän zadyň näme, bilmezejik?- diýip dürbiçi güldi- eger-de günden bir bölek gopup üstüňe gaçsa, onda ol seni mynjyradardy. gün örän ullakan ahyryn. ol biziň ýerimizden ep- esli ulydyr. -bolup bilmez,- diýip bilmezejik ör-gökden geldi.- meniň pikirimçe, gün nahar iýilýän tabakdan uly däl. -onuň kiçiligi biziň göwnümizedir, sebäbi ol bizden örän daşda ýerleşýär. gün- ägirt uly, gaty gyzgyn we dym- gyzyl şardyr. onuň şeýledigini men öz dürbimde güne seredenimde gördim. şonuň üçin günden kiçiräk bölek döwülip ýere gaçsa, onda ol biziň şäherjiugimizi weýran eder. düşündiňmi! -görsene muny!- diýip bilmezejik howsala düşdi.- eýsem men günüň beýle uludygyny hem bilmändirin. men häziriň özünde gidip doganlarymyzyň hemmesine bu zatlar barada gürrüň bereýin. belki olar bular barada hiç zat eşiden däldirler. ýöne sen nämede bolsa öz dürbiňde güne ýenede bir gezek seredip gör, belki ol büdir- südirdir, döwilegendir. şeýdip bilmezejik öýüne gaýtdy, ýolda bolsa öňünden çykana gaty sesini edip gürrüň berýärdi: -cagalar! siz bilýän hem dälsiňiz, biziň günümiziň uludygyny, ol hatda biziň ýerimizden hem uly eken. doganlar, biler bolsaňyz günden bir bölegi döwülip, ýere tarap gaýdypdyr. örän tiz wagtda ol ýere gaçyp, biziň üstümizi basyp, hemmämizi ýok etjek. biziň üstümize howp abanýar. ynanmasaňyz baryňda dürbiçiden soraň. hemmeler gülüşdiler, sebäbi olar bilmezejigiň dowulçydygyny bilýärdiler. bilmezejik bolsa çaltlyk bilen öýüne tarap ýüwürdi we gaty sesi bilen gygyryp başlady: -doganlar, halas boluň! bölek ýetip gelýär. -ol nämäniň bölegi- diýip ondan soraýarlar. -doganlar, bölek! günden bir bölek döwülipdir. tizden- tiz üstümize gaçjak, hemmämize atanak boljak. siz näme, günüň nähilidigini bileňizokmy? ol biziň ýerimizden hem ep- esli uly ahyryn. -sen näme dowul ýaýradýarsyň! -men dowul ýaýradýanmy? ynanmasaňyz dürbiçiden soraň. ol ony öz dürbisinde görüpdir. hemmeler howla ylgap çykdylar-da, güne tarap seredip başladylar. seretdiler, seretdiler, gözlerinden ýaş akyp başlaýança seretdiler. soňa baka gözleri garaňkylap, göwünlerine bolmasa dogrudan hem güniň bir bölegi ýok ýaly bolup göründi. bilmezejik bolsa gygyrdy durdy: -halas boluň! bela gelýär! hemmeler ellerine ilen goşlaryny alyp ökjäni göterdiler. týubik reňklerini we çotgalaryny garbap aldy, guslýa öz saz gurallaryny. lukman melhemjik öz ýöriýiş apteçkasyny gözläp öýüni agtar- düňder etdi:”nirä ýitirim bolduka?” ponçik saýawanyny we başmaklaryny ellerine alyp derwezäniň daşyna ylgap çykdy. şu ýerde hemmeler bilegenjäniň sesini eşitdiler: -doganlar köşeşiň! gorkuly zat ýok. siz näme bilmezejigiň dowulçydygyny bilmeýärsiňizmi? bu onuň özünden tapan zady ahyryn. -näme üçin özümden tapypmyşym?- diýip bilmezejik gygyrdy,- siz baryňda dürbüçiden soraň. hemmeler dürbiçiň ýanyna ylgadylar. şu ýerde bilmezejigiň hemme zady özünden tapandygy aýan boldy. turdy bir uly gülki. hemmeler bilmezejigiň üstünden gülýärdiler: -biz saňa nähili ynandyk, özümiz hem geň galýarys. -men näme, geň galýan däldir öýidýäňizmi?- diýip bilmezejik jogap berdi,- meniň özüm hem ynandym ahyryn. ýnha, biziň bilmezejigimiz şunuň ýaly täsin balajadyr. terjime eden rejep guwaja.