agşamlyk edinmäge oturanlarynda, kakasy okap oturan gazedini gapdala goýup witýaň ýüzüne çiňerilip seretdi: - sen bir hili, şu gün ümsüm görünýäň welin, näme üçlük dagy alaýdyňmy? –ýok, üçlük däl,- diýip bitýa ýylgyryp, syrly jogap berdi- men rus dilinden ikilik aldym!.. kakasy düwündi, ejesi bolsa tas elindäki çäýnegini gaçyrypdy. – üstesine gülküň hem tutýarmy?!- diýip kakasy bilen ejesi deň gygyrdylar. – bu ýerde meniň günäm ýok ahyryn. onuň özi yrsarap dur. men bary ýogy iki sanjak ýalňyş goýberdim... bir sözlemde... –birinjiden mugallymaňa ol diýmäniňi goý- diýip ejesi gaharly gürledi. –ikinjiden bolsa, ýalňyşlaryň nä hilidigine seretmeli! – mugallymamyz aýyň şu günki gününi ýazmagymy sorady, men ýazdym: “birinçi oprel”. bary ýogy iki sany ýalňyş!.. ejesi sag eliniň aýasyny ýaňagyna goýdy-da kellesini ýaýkady. -dur hany?- diýip kakasy üşerildi,- bu gün aýyň näçesi? birinji aprelmi? sen ýöne ýere mekir ýylgyrmaýan ekeniň! sen bizi oýnajak bolduňmy? bu zatlary özüň oýlap tapdyňmy? – hawa- diýip witýa başyny atdy- men oýun etdim. bu gün hatda rus dilinden sapak hem bolmady. birinji apreliňiz bilen gutlaýan! –oýunuň gursun-da!- ejesi tüýs ýürekden gatyrgandy- seniň üçin men tasdan-da çäýnegimi döwüpdim!.. witýa çaýyny içip boldy-da saçagyň başyndan turdy. “kakamyň matematika barada soramany gowy boldy- diýip ol içini gürletdi- sebäbi ikiligi men şu gün hut matematekadan alypdym-da!”. “kostýor” jurnalynda çap edilen. aprel, 1999- njy ýyl.