Möçberi bary ýogy 13 sahypa bolsa-da, bahasy 153 million ýewro. Dünýäniň iň gymmat kitaby Dubaýda sergä çykarylýança, gulp astynda saklanar. Ýakynda Şweýsariýanyň Sürih şäherinde soňky gezek sergä çykarylan „Wezipe die Aüfgabe" atly kitabyň ýazary Tomas Aleksander Hartmandyr. 01 bahasynyň şeýle ýokarylygyna garamazdan, juda ýönekeý görunýän kitabyň adamzadyň iň möhüm 3 sowalyna jogap berýändigi aýdylýar. 01 sowallar „Nireden geldik? Nirä barýarys? Amala aşyrmaly zerur wezipämiz näme?" diýen soraglardan ybarat. Härtman dünýäde bary-ýogy ýekeje nusgadan ybarat bolan kitabyň 153 million ýewrolyk gymmatynyň eserin mazmunyndan gelip çykýandygyny aýdýar. Rekord derejede baha kesilen kitap nemes kitap neşirýatý sungatynyň naýbaşy eserleriniň biridir. Kitabyň dili bolsa nemesçe. Eger alyjy tapylsa, kitap dünýaniň 153 diline ferjime ediler hem-de aýratyn bir tehniki tilsim ulariylyp sap altyndan sahaplanar. Şondan soň kitaba degişli ähli hukuk älyja degişli bolar. Özüni „dünýäniň iň beýik filosofy" hasap edýän Hart-man dünýäniň iň gymmat filosofy diýen adyňda eýesidir. Hartman häzir dünýäniňrň uly „öz-özüniň filosofy" hökmünde tanalýar. Onuň hiç hili halkara derejesi, ady ýok. 01 öz adyny ilkinji gezek „Germaniýanyň Neşir edilen kitaplary" saňawynda mälim etdi. Ýazar öz kitabyny ilkinji gezek Los-Anjelesde geçen Amerikanyň kitap sergisine, soňra bolsa, Wena kitap sergisine çykardy. Kitabyň nädip beýle baha eýe bolandygy baradaky sowala ýazar: „13 sahypalyk kitaby 30 ýylda" ýazdym diýip jogap berýär. 01 kitabyň hakyky bahasynyň bolsa islege görä boljakdygyny boýun alýar.