Gazagystanly topar Günorta polýusda 2308 kilometrlik aralygy 108 sagatda geçip, Ginnessiň rekordlar kitabyna girdiler. Bu barada Astanada geçirilen dabara gatnaşan Ginnessiň rekordlar kitabynyň wekili Jek Brokband Gazagystanyň geografiýa jemgyýetiniň başlygy Nurlan Abduowa sertifikat gowşurdy. Şeýle hem, Gazagystanyň garaşsyzlygynyň ýigrimi ýyllygy mynasybetli Gazagystanyň geografiýa jemgyýetiniň gurnamagynda Günorta polýusa ilkinji awtoulag sapary geçiriler. Astana hakimligi we Nur otan partiýasynyň hem hemaýat bermegin-de geçirilýän bu çärä sekiz sany gazak alymy Antraktikada ylmy barlaglary amala aşyrarlar. Bu syýahata çykmazdan ozal geçirlen taýýarlyk işleriniň çäklerinde ylmy barlaglarda ulanyljak ulaglar we enjamlar Antartikada ýerleşýän stansiýada synagdan geçirildi. Jemgyýetiň başlygy Nurlan Abduow gazak toparyň Astanadan Dubaýa, ol ýerden bolsa Günorta Afrika gitjekdigini, soňra-da ýörite uçar bilen Antarktikadaky Nowolazarewskaýa stansiýasyna gidiljekdigini habar berdi. Baryljak ýeriň gury we sowuk howasy sebäpli, suwuň köp gerek boljakdygyny aýdan Abduow ylmy işleriniň 16-njy dekabra çenli dowam etjekdigini mälim etdi.