Halkymyz gün-günden beýik ösüṣlere eýe bolýar. Muňa mysal edip geçen fewral aýynda Abadan ertabynda açylan ‘’Abadanhaly’’ AGPJ-ni belläp bolar. Bu desga ykdysady ösüṣlerimiziň güýjüne güýç we kuwwatyna egsilmez kuwwat goṣjakdygy ikuçsuzdyr. Bellemeli möhüm zatlaryň biri-de ýurdumyzda türkmen telekeçilerininň ak ýoluna berilýän bahadyr. Ýagny, bu desga hem türkmen telekeçileri tarapyndan gurulyp, türkmeniň ýokary hilli haly önümlerini we ykdysady ösüṣimizi dünýä ýaýratmakda edýän goṣantlarydyr. Ýokary tehnologiýaly haly dokaýjy enjamlardan ybarat bolan kärhanada Ýewopanyň we dünýäniň dokma senagatynda öňdebarjy ýurdy bolan Belgiýanyň iň ösen kompaniýalarynyň enjamlarynyň otyrdylmagy haly önümleriniň arassa we bäsleṣige ukyply önümleri öndürmeklige möhüm ṣertleri döredýär. Bu enjamlarda dokalýan halylar halkyň uly isleg bildirýän harydyna öwrülmek bilen dine bir ýurdumyzda däl eýsem dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolmagyna ṣert döredýär. Ýene bellemeli zat bu halylar örän elýeterli bolup, reňkleri solmaýar we uzak wagtlap hem ulanmaga niýetlenendir. Şeýle-de bu açylan kärhanada türkmen halkynyň gadymy we müdimi gaýtalanmajak sungaty bolan el bilen dokalýan haly bölüminiň bolmagy has-da buýsandyrjydyr. Sebäbi bu bölümiň üsti bilen türkmen halky asyrlardan gelýän milli gymmatlygymyzyň ýitip gitmekliginiň öňüni alýar hem-de türkmeni bu sungatda dünýä tanadýar. Hormatly ýurt baştutanymyz tarapyndan döredilip berilen bu mümkinçilige diýseň buýsanýarys. Sebäbi birnäçe ýyldan bäri bu halylar uly möçberde ýurdumyzda önmän, daşary ýurtlardan ummasyz pul sarp edilip getirildi. Indi bolsa bu gurulan toplum elýeterli halylary bilen il-günümiziň şatlyk begenjini göge ýetirer.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir