2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça öňde goýulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetrilmegi üçin paýtagtymyzda zerur bolan abadanlaşdyryş işlerini geçirmeklik degişli düzümler tarapyndan sazlaşykly alnyp barylýar. Şoňa laýyklykda hem Aşgabat şäherini ösdürmegiň bellenen maksatnamasy boýunça häzirki wagtda paýtagtymyzda köçeleri döwrebaplaşdyrmak, köprüleri, pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleri gurmak işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Ine häzirki wagtda hem beýleki gurluşyklar bilen bir hatarda paýtagtymyzyň Andalyp köçesini we onuň ýerasty geçelgesini döwrebaplaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar. Andalyp köçesini döwrebaplaşdyrmak üçin alnyp barylýan işleriň çäginde degişli gurluşyk işleriniň geçrilmegine päsgel berýän birnäçe jaýlar айрылып, йашайˀыларыň тäзе ˀайлара гöчüрилмеги zerur bolup durýar. Шонуň üчин Aşgabat şäheriniň abadanlaşdyrylmagy bilen bagly sebäpler boýunça jaýlary sökülen raýatlarymyzyň ählisi täze jaýlar bilen doly üpjün edilýär. Олара şähermiziň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumyndan ähli amatlyklary bolan döwrebap täze jaýlar berilйäр. Şäherimiziň Andalyp köçesinde we beýleki köçelerinde geçirilýän bu gurluşyk işleriniň gözel paýtagtymyz Aşgabat şähermizi iň gözel, iň arassa we ähli taraplaýyn ösen, döwrebap şähere öwürmek üçin alnyp barylýandygyna we halkyň bähbidi üçin edilýändigine biziň hemmämiziň raýatlyk borjumyz bilen düşünýäris. Elbetde, köçelerimizi abadanlaşdyrmak maksady bilen gurluşyk işlerini alyp barmak üçin käbir köçeleri wagtlaýyn ýapmaly we käbir köçelerde ýol hereketlerini çäklendirmeli hem bolýar. Şonuň netijesinde şäherimiziň köçelerinde awtomobil gatnawlary köpelýär we raýatlarymyzyň işe gidýän, işden gaýdýan wagtlary az wagtlyk dyknyşyklaryň bolýandygyny hem biz görýäris. Şonuň bilen birlikde hem köçeleri döwrebaplaşdyrmak, köprüleri, pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleri gurmak boýunça gurluşyklaryň tamamlanyp ulanylmaga berlen köçelerimizde dünýä ülňllerine laýyk gelýän ajaýyplyklaryň döreýändigini hemmämiz öz gözümiz bilen görýäris we şeýle owadan desgalaryň paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýandygyna diýseň begenýäris hem-de çäksiz buýsanýarys. Gözel paýtagtymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli bu işleriň halkymyzyň özleri barada edilýän aladalarydygyna we raýatlarymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde amatly şertlerde ýaşamaklarynda ajaýyp şertleri döretmek bilen baglydygyna düşünmek bilen biz Milli Lidermize çäksiz minnetdarlygymyzy beýan edýäris.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir