Gollandiýaly talyp ýigit Sebastýan Bowýe welomobilde ýokary tizlikde hereket etmekde Ýewropanyň täze rekordyny goyupdyr. Bu galjaň talyp iki tigirli «ulagynyň» tizligini sagatda 130 kilometre ýetirmegiň hötdesinden gelipdir. Ol biraz tijenen bolsa dünýä rekordyny-da öz adyna ýazdyryp biljek ekeni. Welomobilde dünýä rekordyny goýan kanadaly Sem Wittinghem bir sagatda 133 kilometr aralygy külterläpdir. Ýöne gollandiýaly talyp ýigit Sebastýan Bowýe ýetilen sepgit bilen kanagatlanmak islänok. O1 talyp dostlary bilen ýasan welomobiliniň tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrjakdygyny we ABŞ-nyň Newada ştatynda täze rekordy hasaba aldyrmaga çalyşjakdygyny aýdypdyr.
TALYBYŇ REKORDY
-
Murgaply88
10 years ago
- Kuku menem taze geldim((garşy alyanam yok
-
tut
10 years ago
- Good
andayews 10 years ago- Bahh hickim yok yaly yazanoklarey