Hytaýly aşpezleriniň tayýarlan unaşy tagamlylygy boýunça hem hiç bir hörekden kem däl ekeni. Emma ol, ilkinji nobatda, uzynlygy boýunça agza-dile düşüpdir. Belli aşpez Su onuň hamyryny 25 minutlap ýaýypdyr. Soň bolsa bir müňden gowrak adamdan ybarat kömekçileriniň hemaýaty büen öz kesen unaşyny uzynlygyna ýazyp goýupdyr. Şonda onuň uzynlygy bir kilometr 704 metre ýetipdir. Ony taýýarlamak üçin 2,5 kilo¬gram ýag we 15 kilogram un harçlanylypdyr. Şeýlelikde, bu unaşy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizipdirler. Hytayyň günortasynda tüwüden bişirilen naharlar bilen bilelikde unaşyň hem-de böregiňem ýerli ýaşaýjylaryň iň eý görýän iýmitidigini bellemelidir.

Köneler, Adiz tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir