Britaniýaly meşhur bankçylaryň neberesinden bolan syýahatçy Dewid de Rotşild 4 aýa çeken syýahatyny tamamlap, Sidneýiň portuna baryp düşüpdir. Ol 18 metr ululykdaky gämisini diňe plastik gutulardan ýasapdyr. Munuň üçin gutylaryň 12,5 müňüsini sarp eden Dewid de Rotşild öz gämisine «Plastiki» diýip at goýupdyr. 31 ýaşly syýahatçy bu gäminiň enjamlarynyň 90 göterimini plas¬tik gutulardan ýasamak bilen zyňyndylary täzeden işlemegiň meselesine köpçüligiň ünsüni çekmek isläpdir. Şol bir wagtda hem ol ynsanyň mümkinçilikleriniň çäksizdigine köpçüligiň ünsüni çekipdir.

Köneler, Adiz tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir