Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, paýtagtymyzda alnyp barylýan toplumlaýyn şähergurluşyk işleriniň netijesinde, Aşgabat iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriň hataryna goşuldy. 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine bütin ýurdumyz boýunça uly taýýarlyk işleri gürülýär we Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen iş maslahatda hem paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm wezipelerine we 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda TMK-niň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň we paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleriniň raýatlarymyzy işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek, paýtagtymyzda zähmet gatnaşyklaryny tertibe salmak, paýtagtymyza işe gelýän adamlary hasaba almagyň tertibini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Maslahatyň başynda ýaşaýyş jaýlaryny kärendä bermek hem-de raýatlary wagtlaýyn ýazga goýmak we bellige almak meseleleri boýunça degişli kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamagyň, aýratynda Aşgabatda bu meselä jogap berýän anyk edaralaryň bolmagynyň, tertip-düzgüniň berk berjaý etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda tertip-düzgüniň hemişe nusgalyk derejede ýokary bolmagy hökmanydyr. Şonuň üçin hem gözel paýtagtymyz Aşgabadyň iň naýbaşy we arassa şäher, adamlar üçin oňaýly şertler döredilen, rahat şäher hökmünde gazanan abraýyny gorap saklamak şäherimiziň ýaşaýjylarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Elbetde, ýurdumyzyň welaýatlaryndan raýatlarmyzyň paýtagtymyza işe gelmeklerine hiç hili gadagançylyk ýokdur we gözegçiligi ýola goýmak maksady bilen, ýaşaýyş jaýlaryny kärendä bermek hem-de raýatlary wagtlaýyn ýazga goýmak we bellige almak meseleleri boýunça degişli täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň döwlet üçin hem-de raýatlarmyz üçin bähbitli boljakdygyna biz doly ynanýarys.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir