Kiýewde neşir işi bilen bagly täze rekordy hasaba alypdyrlar. Buhgalteriýa hasabaty hakyndaky maglumatlary çap etmek bilen li meşgullanýan gazetiň baş redaktory Petr Kriçun täze rekordyň esasy guramaçylarynyň biri bolup çykyş edipdir, çünki onuň tagallasy bilen adaty gündelik neşirlerden 10 esse uly bolan gazeti çap edipdirler. 8 sahypalyk bu gazet buhgalteriýa hasabaty baradaky habarlary özünde jemleýär. Ginnesiň rekordlar kitabynyň Ukrainadaky wekili Igor Podçibiý onuň iň uly gazet hökmünde hasaba alnandygyny habar beripdir. Bu ugurdaky mundan ozalky rekordam Kiýew şäherine degişli ekeni.