Saud arabystanly milliarder şazada al-Walid ibn Talal ibn Abdel Aziz as-Saud "Saudi Group" kompaniýasynyň kömegi bilen Jidda şäherinde dünýäniň iň beýik gökdiränini bina etmekçi bolýar. Beýikligi 1 kilometrden geçjek "Kingtom Tower" gökdiräni häzirki wagtyň rekordsmeni Dubaýdaky "Burj Khalifa"-ny (beýikligi 828 metr) yzda galdyrar. Gurluşygy üçin 4,6 milliard rial (takmynan 1,2 milliard dollar) harçlanmakçy bolunýan gökdiräniň lift ulgamy dünýädäki iň çylşyrymlylaryň biri bolar. Umumylykda 59 sany lift (olaryň bäşisi 2 gatly bolar) işe girizilip, olar sekuntda 10 metr tizlikde (tizligi 36 km/s) hereket eder. Gökdiräniň 157-nji gatynda bolsa diametri 30 metre deň bolan syn ediş meýdançasy bolar. Umumylykda öz içine ofisleri, bäş ýyldyzly "Four Seasons" myhmanhanasyny, ýaşaýyş jaýlaryny hem-de dynç alyş merkezlerini aljak gökdiräniň gurluşygy 5 ýylyň dowamynda alnyp barlar. Täze salynjak gökdiräni Jiddada taslamasy 100 milliard rial möçberinde kesgitlenilýän "Kingtom City" mega-toplumynyň esasy binasy hökmünde garalýar. Saud Arabystanynyň hökümeti BAE-niň "Emaar Properties PJSC" kompaniýasynyň kömegi bilen Gyzyl deňziň kenarynda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän taslamasynyň netijesinde Jiddany syýahatçylygyň merkezine öwürmekçi bolýar.