Aşgabat ajaýyp seýilgähleriň, öwşün atýan altyn gümmezli köşkleriň we köp sanly suw çüwdürimleriniň, belent we kaşaň binalaryň, desgalaryň haýran galdyrýan özboluşly binagärligiň jemlenen ýerine öwrülip, dünýäde iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriň hataryna goşuldy. Türkmen paýtagtynyň Aziýanyň dürdänesine öwrülen ajaýyp künjekleri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ata Watanymyzyň üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnamadyr. Ak mermer Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan örän uly şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmakda innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we şu ugur boýunça dünýäde toplanan iň oňat tejribäni işjeňlik bilen ornaşdyrmak esasy ugur bolup durýar. Bularyň hemmesi ýaşaýjylaryň durmuşynyň ýokary ölçeglere laýyk gelmegini, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary döredilýär. Ýokary amatlylyklary bolan öýler şeýle binalara bildirilýän talaplaryň ählisine laýyk gelýär, jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylýar. Olar ýaşyl zolaga bürelip, çagalar we sport meýdançalary, toý dabaralaryny geçirmek we sadakalar bermek üçin ýerler, şeýle hem ýerasty we üsti bassyrmaly awtoduralgalar gurnalan. Bu gün Gurbansoltan eje, Magtymguly, Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň, “10 ýyl abadançylyk”, Oguzhan, Hoja Ahmet Ýasawy, Andalyp, Görogly köçeleriniň ugrunda geçirilen abadanlaşdyryş işlerini, ekilen baglardyr gülleri, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, ýylyň ähli paslynda amatly bolan awtobus duralgalaryny, çatryklardaky aýlawlarda gurulan beýik binalary synlanyňda olaryň bütinleý täze keşbe eýe bolup, lowurdap öwşün atyp duruşyna gözüň düşýär. Bu işleriň ählisi paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we ak şäherimiziň myhmanlaryna giň möçberdäki amatlylyklary döredýär. Paýtagtymyzyň diňe bir taryhy merkezinde däl,eýsem, onuň gyra-çetlerinde-de, Abadan hem-de Ruhabat etraplarynda-da ýoldur köpri gurmak işleri ýokary depginlerde alynyp barylýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, paýtagtymyzyň geljek ýyl geçiriljek V Aziýa oýunlaryny iň owadan, ýaşamak üçin aýratyn oňaýly şäher hökmünde garşylamagy üçin ähli tagallalr edilýär. Aşgabadyň iň gözel we arassa şäher, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertler döredilen şäher hökmündäki abraýyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr. Şol sebäpli hem gözel şäherimiziň ajaýyp keşbinde del matadan edilen ýama ýaly bolup görünýän özbaşdak gurluşlaryň bolmagy talaba laýyk däldir. Innowasiýalaryň, täze tehnologiýalaryň ösýän döwründe her bir binanyň üçeginde ýazda gögeren kömelekleri ýadyňa salýan, şäheriň binagärlik keşbine laýyk gelmeýän çanak antennalarynyň bolmagy hem maksada laýyk däldir. Şu gün her bir öýe giň mümkinçiligi bolan simli (kabel) telewideniýesi çekilip, rýatlara Ýer togalagynyň islendik nokadyndan teleýaýlymlary görmäge mümkinçilik döredilen. Döwletimiz öz Emeli hemrasy bolan ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda ikinji Hemrany uçurmak baradaky işler ýaýbaňlandyryldy. Üstümizdäki ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýilip yglan edildi. Geçmişe ser salsaň, türkmen halkynyň agzybir, dostlukly halk bolandygyna göz ýetirýärsiň. Rowaýata görä, ýat döwletiň hökümdary türkmen obasynyň üstüne ýöriş etmezden öň şol oba içaly ýollap, obada näçe sany tamdyryň bardygyny anyklaýarmyş. Egerde obada tamdyryň sany az bolsa, onda ol: ”Bu obanyň adamlary agzybir ýaşaýarlar, birnäçe hojalyk bolup bir tamdyrda çörek ýapýarlar” diýip, oba ýöriş etmekden saklanypdyr. Egerde her hojalykda bir tamdyr bar bolsa, onda ol batyrgaýlyk bilen oba ýöriş gurapdyr. Sebäbi ata-babalarymyz “Agzybire Taňry berer, agzalany gaňryberer” diýipdirler. Magtymguly şahyrymyz hem:”Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler, ol ykbaly Türkmeniň!” diýendir. Goý, gelejegimiziň hatyrasyna, çagajyklarymyzyň hatyrasyna halkymyz mydama asuda, parahat asmanyň aşagynda agzybir ýaşasyn!

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir