Braziliýaly hünärmenler tarapyndan taslanan kaşaň jaýyň daşky görnüşi gül ýapragyny ýatladýar. Rio-de-Žaneýronyň golaýyndaky kenar ýakasynda gurlan bu jaýyň üçegi gül ýapragyna meňzeş bolup, ol ýagyş suwuny ýygnap almaga hem-de Gün şöhlesinden goranmaga mümkinçilik berýär. Dizaýnerler we arhitektorlar onuň gurluşygynda ynsan bilen tebigatyň sazlaşygynyň güýçli duýulmagyny gazanmak üçin esasan, aýna gapylary ulanypdyrlar. Braziliýaly hindi arhitektorynyň oýlap tapan "Leaf House" atly jaýy deňiz kenarynda ýerleşensoň, ilki bilen dynç alýanlaryň ünsüni özüne çekipdir. Munuň özi gürrüňi edilýän jaýyň Braziliýanyň meşhur plýažlaryna barýan jahankeşdeleriňem iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüljekdigini aňladýar.

Köneler, Adiz tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir