Akyldarlar “Kitaba ynan, ol siziň iň ýakynyňyzdyr. Olar sessizdirler, emma haçan gerek bolan wagty olar size aýdyň hem düşünikli dilde gürrüň bererler. Gerek bolsa öňüňüzde dünýäni hem açyp bererler” diýip nygtapdyrlar. Kitap ynsany terbileýär, durmuşa taýýarlaýar. Ol adamzadyň döreden iň uly mirasydyr. Şol sebäpli hem jemagat kitaphanalarynyň halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetine edýän täsiri bahasyzdyr. Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanadan we 20 sany kitaphana-şahamçadan ybarat bolan Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy paýtagtymyzyň we onuň töweregindäki obadyr şäherçeleriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýokary derejede kitaphana hyzmatyny amala aşyrýarlar. Onuň gaznasyndaky toplanan kitaplar hem-de beýleki neşirler ylymyň, tehnikanyň, halk hojalyk önümçiliginiň gazananlary, zähmetiň öňdebaryjy usullary, medeniýetimiziň, sungatymyzyň üstünlikleri barada maglumatlaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, kitaphananyň okyjylary dürli ýyllarda çap edilen dürli kitaplary diňe bir türkmen dilinde däl-de, eýsem beýleki daşary ýurt dillerinde hem okamaga mümkinçilik alyp bilýärler. Häzirki wagtda ulgamyň umumy kitap gaznasy 309 müňe golaý bolup, olaryň üsti häzirki zaman neşirleri bilen yzygider doldurylyp durulýar. Golaýda 50 müň töweregi sözi, täze adalgalary hem-de söz düzümlerini özünde jemleýän “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” we dürli sözleriň 110 müň töweregini özünde jemleýän “Türkmen diliniň orfografik sözlügi” çapdan çykdy we kitaphanalaryň kitap goruny baýlaşdyrdy. Sözlükleriň grammatik kadalaryň düzgüne laýyk ulanylmagynda we sözleriň dürs aýdylmagynda ähmiýeti örän uludyr. Sözlükler dil baradaky bilimleri artdyrýar, sözleriň manysyna has düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Sözlükleri özleşdirmek, olary yzygiderli ulanmak sözleýiş medeniýetini ýokarlandyrýar. Halkyň medeni mirasyna baha bermekde hem sözlükleriň örän uly ähmiýeti bardyr. Sebäbi sözlükler adamlaryň durmuşy, başdan geçiren kynçylyklary hem-de şatlykly wakalary barada taryhy çeşmeler esasynda anyk gürrüň berýän maglumatlar toplumydyr. Sebäbi dilimiziň baýlyklaryny hemişe aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Sebäbi sözlüklerdäki her bir sözüň aňrysynda halkymyzň durmuşy, ýaşaýşy bilen baglanşykly taryh-milli mirasymyz ýatyr. Türkmen dili, beýleki köp dillere garanyňda , söz baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Dil bilmek bolsa her bir adama belentlikleriň ýoluny açýar. Atalarymyz “Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi ýogyn-müňüni” diýip ýöne ýerden nygtamandyrlar. Watanymyzyň şan-şöhratynyň artmagy üçin, ilkinji nobatda, halkymyza, ösüp gelýän ýaş neslimize bilim baýlygyny bermeli, biziň ata Watanymyzda bolsa şeýle mümkinçilikler döredilen. Sebäbi kitaba teşne adamlar üçin ýurdumyzda, şol sanda gözel paýtagtymyzda hereket edýän kitaphanalar okyjylara ajaýyp dünýä bolup hyzmat edýär, bu ýere gelmeklik wagtyňy iň gymmatly, iň gerekli zada sarp etmekdir. Goý, köşekli düýesini bir kitaba çalyşýan türkmen halkynyň kitaba bolan çäksiz söýgüsi geljek nesillerimiziň hem mukaddes ýörelgesine öwrülsin!

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir