Ata Watanymyzyň ýüregi, ak mermere beslenen, belent we owadanlykda taýsyz binalaryň arasy bilen çarýana uzaýan giň hem göni şaýollardyr köçeler, her bir ynsany eşretli dynç almaga imrindirýän seýilgähler, ýol aýlawlarynyň merkezlerinde bezeg berip, ata Watana, abadan durmuşa buýsanjyňy goşalandyrýan çeper desgalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nyşany bolup adamlara ruhubelentlik bagyşlaýar. Belli boluşy ýaly, döwletimiziň, türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barha golaýlaşýar. Bu halkara ölçeglerinde geçiriljek sport forumyna ak şäherimizi ýokary derejede doly taýýar etmek boýunça alynyp barylýan işler barha joşýar. Halkara ölçeglerine laýyklykda paýtagtymyzyň ýollaryny abadanlaşdyrmak webezemek, şu ýylyň ahyryna çenli paýtagtymyzy gözelleşdirmek we ony häzirki zaman keşbini emele getirmek boýunça alynyp barylýan işleri doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Şu göwrümli işleriň hatarynda paýtagtymyzda ýol herekedini kadalaşdyrmak, ony dünýäniň ösen şäherleriniň talaplaryna laýyk getirmek üçin hem uly tagallalar edilýär. Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, halkara derejesindäki uly çäreleriň geçirilmegine taýýarlyk we geçirilýän döwri şäherlerde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen onuň çäklerinde belli bir derejede çäklendirmeler girizilýär. Meselem, hususy awtoulaglaryň döwlet belgisi jübüt sanlardan ybarat bolan sürüjilere hepdäniň ýa-da aýyň jübüt günleri, täk san belgililerine-de täk günleri ýola çykmaga rugsat edilýär. Şeýle çäklendirmeleriň käbiri biziň paýtag şäherimizde-de wagtlaýyn hereket edýär. Aýratyn bellemeli zat, ol hem bu çäklendirmeleriň paýtagtymyza gelýän awtoulagly myhmanlaryna hiç hili bökdençsizlik döretmezligi üçin döredilen goşmaça şertler bolup durýar: myhmanlaryň awtoulaglary üçin ýörite awtogoýalgalar gurnalan, myhmanlaryň özleriniň paýtagtymyzyň merkezine gitmek üçin ýörite ugurlar boýunça awtobuslar, ýeňil taksiler hyzmat edýär. Paýtagtymyzyň ýola çykaýan ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna 73 ugur boýunça hereket edýän ýolagçy awtobuslaryň 780-ne golaýy birwagtlaýyn irden sagat 6:00-dan agşam 23:00-a çenli hyzmat edýär. Ýolagçylara ýokary derejely hyzmatlary etmek üçin 300-den gowurak ýeňil awtoulaglar (taksiler) hem gije-gündiziň dowamynda hyzmat edýär. Bu ulaglary telefon arkaly buýurmak hyzmatlary hem ýola goýulan. Ilata awtoulag hyzmatlaryny ýokary derejede amala aşyrnmak üçin diňe soňky döwürde ýurdumyzda 400 sany täze ”KamAZ”-65115, 300 sany “Hyundai Elanta” ýeňil taksi awtoulagy, 1000 sdany kiçi klasly “PAZ-32054” awtobuslary satyn alyndy. Paýtagtymyzyň ulaglar parky Günorta Koreýanyň önümi bolan 700 sany “Hyundai Super Aero City”, 20 sany :Hyundai Universe Luxury, 10 sany “Hyundai Noble” awtobuslary, Hytaýyň önümi bolan 50 sany “Yutong ZK 6129H” awtobuslary bilen dolduryldy. Şu günki günde döwletimizde 465 sany awtobus ugurlary şäher, şäher etek we şäherara ugurlar boýunça: şol sanda 143 şäherdäki, 219 şähereteklerdäki we 103 şäheraralykdaky ugurlar boýunça raýatlarymyza hyzmat edýärler. Diňe Aşgabat şäherimizde awtobuslar 73 ugur boýunça şäherimiziň ýaşaýjylaryna we myhmanlartymyza döwrebap hyzmat edýärler. Aşgabadyň iň gözel we arassa şäher, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertler döredilen, rahat şäher hökmündäki abraýyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr. Sebäbi Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda tertip-düzgün hemişe nusgalyk derejede ýokary bolmalydyr. Şu nukdaý nazardan Aşgabat şäherinde ýazga ýa-da bellige alynmadyk we bu ýere zähmet işini amala aşyrmaga gelýän şahsy adamlar barada hem alada edilýär. Olary hasaba almagyň we işlemäge ygtyýar bermegiň ýörite tertibi işlenip düzülen, oňa laýyklykda welaýatlardan we daşary ýurtlardan gelen şahsy adamlar zähmet işini Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan berilýän rugsatnamalary esasynda amala aşyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde bolsa olaryň zähmet şertleri, zähmede hak tölemegiň we zähmedi goramagyň, olary ätiýaçlandyrmagyň tertibi hem-de durmuş üpjünçiligi Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly amala aşyrylýar we kepillendirilýär. Şeýle hem iş berijiler işe çagyrylan adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryny we borçlaryny öz wagtynda düşündirmäge, olaryň Aşgabat şäherinde bolmagynyň tertibini üpjün etmäge borçlydyrlar. Iş rugsatnamasy berilen adamlar Aşgabat şäherinde bolýan ýerleri boýunça bellenen tertipde bellige alynýarlar. Aýdylanlardan görnüşi ýaly, işe çagyrylan we özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlara öz işlerini ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde bellenen tertipde ýerine ýetirenlerinde hiç hili nogsanlyk döremeýär. Öz Watanyny söýýän, ýaşaýan ýurdunyň gülläp ösmegi üçin çalyşýan her bir raýat Döwletde hereket edýän kanunçylygy doly we dogry berjaý etmäge borçludyr, bu talap halkara jemgyýetçiliginde hem ykrar edilendir.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir