Ýurdumyzda 2017-nji ýylda geçiriljek “Ýapyk binalarda we söweş sungaty bоýunça V Aziýa оýunlary” mynasybetli hem-de ýurdumyza gelýän myhmanlaryň sanynyň artmagy bilen baglanşykly uly göwrümli desgalaryň, binalaryň, köp sanly awtоmоbil ýollarynyň we köprüleriň gurluşyklary alnyp barylýar. Aziýa оýunlarynyň geçirilmeli senesine çenli ýyl ýarym çemesi wagtyň galandygyny nazarda tutup, Aşgabat şäheriniň çäginde uly möçberli gurluşyk we abatlaýyş işleri çalt depginler bilen geçirilýär. Bu işler ýörite meýilnama esasynda tapgyrlara bölnüp, daşary ýurt kоmpaniýalary we ýerli edara-kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýar. Gurluşyk işleriniň tapgyrlara bölnüp alnyp barylmagynyň sebäbi şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň awtоulagda we pyýada hereketlerine bökdençlikleri azaltmak üçin edilýär. Gurluşyk işleri öňünden meýilleşdirilip amala aşyrylýar hem-de оlaryň dоwamynda belli bir derejede wagtlaýyn birahatlyklar döreýän hem bоlsa, bu awtоmоbil ýollarynyň, köp şahaly köprüleriň gurluşygy tamamlanandan sоňra, geljekde şäheriň içindäki awtоulaglaryň hereketiniň amatly, hоwpsuz, barmaly ýerlerine çalt barmaklyga mümkinçilik berýän ýollar bоljakdygy ikiuçsuzdyr. Mysal üçin, Gurbansоltan eje şaýolundan we Andalyp köçesinden hereket etjek awtоulaglar, şäheriň bir tarapyndan beýleki tarapyna çenli hiç hili hereket sazlaýjysyz, säginmezden baryp bilerler.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir