Döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli işleriň biri-de aragatnaşyk ulgamydyr. Aragatnaşyk ulgamy hem çalt depginler bilen ösýär. Häzirki döwürde adamlar internet ulgamyndan hem ýerlikli peýdalanyp bilýärler. Türkmenistanlylar şäherara, döwletara hem öýjükli telefonlaryň we teleradioýaýlymlarynyň hyzmatyndan-da hoşal bolýarlar. Häzirki tehnologiýalar eýýamynda halkymyz has amatly bolan tehniki serişdelerden peýdalanýarlar. Ýaşaýjylarymyz üçin Aý-Pi telewideniýe hyzmatlary hem ilata hödürlenýär. Bu ilata täze hödürlenýän TW ýaýlymlar özüniň köpdürlüligi we möçberleri bilen has-da tapawutlanaýr. “IP” (Aý-Pi) TV – “Internet protocol television” sözüniň gysgaltmasy bolup, aragatnaşyk torunyň üsti bilen gelýän köp sanly telewideniýaniň bir görnüşidir. “IP” ”(Aý-Pi) TV – bu hemra antennalaryň deregine, internet protokoly (aragatnaşyk tory) arkaly audio we wideo akymlarynyň telewizorlara gelşi arkaly dürli ýaýlymlara tomaşa edip bolýar. Hyzmatyň bu görnüşinde teleýaýlymlar “IP” ”(Aý-Pi) (internet protokoly) formata öwrülen ýagdaýda paýlanylýar we ýörite tunerler arkaly görülýär. Kompýuter torunda bolşy ýaly, “IP” ”(Aý-Pi) TV” - de telewideniýe signallary tor arkaly kiçi paketlere öwrülip ugradylýar. “IP” (Aý-Pi) TV” adaty tor protokollaryny ulanýanlygy sebäpli, hem operatorlar, hem ulanyjylar üçin az çykdaýjyly we amatly tehnologiýanyň bir görnüşidir. “IP”(Aý-Pi) TV - niň käbir amatly taraplaryny belläp geçeliň: -Adaty telewidenýelerden audio we wideo akymlarynyň örän ýokary hilliligi, şeýle hem käbir teleýaýlymlaryň ýokary ölçeg görnüşinde (“HD” High Definition formatda) görüp bolýar. -Goşmaça interaktiw häsiýetnamalary bar. Mysal üçin, futbol oýny görlüp otyrka, futbolçy barada maglumatlar okap bolýar. -Islendik teleýaýlymy we telegepleşigi islendik wagta düzüp, ýazdyryp bolýar. Hatda mundan 2 gün öň görkezilen filmi hem görüp bolýar. -Antennalarda bolşy ýaly, şemal bolanda gaçmak howpy ýok. -Telewidenиýаныň beýleki görnüşlerine garanyňda çykdaýjysy az, тuner ykjam we az ýer tutýar, teleýaýlymlary köp. -Döwrebap we giňden ulanylýar. Biziň ýurdumyzda hem “IP”(Aý-Pi) TV giňden ornaşdyrlyp başlandy. “IP”(Aý-Pi) TV hyzmatyndan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň Aşgabat şäher telefon ulgamyna ýüz tutmak arkaly ýaşaýjylar bu ulgamdan giňden peýdalanyp başladylar. Bu TV hyzmatlary esasynda teletomaşyçylar isleýän ýaýlymlary boýunça dürli maglumatlary öwrenip bilýärler. Bu ýaylymlar köp dürli bolup, olarda çagalar üçin ýörite kanallar hem bar. Bulardan başga-da dürli kinolar, haýwanat dünýäsi, dünýä täzelikleri, ylmy maglumatlar, sport we ş.m. bilen tanyşmak üçin dürli telegepleşikler, aýdym-sazly çykyşlar yzygider berilýär. Umuman, bu teleýaýlymlar arkaly teletomaşaçylar öz gyzyklanýan islendik temalary boýunça maglumatlar alyp bilýärler. Bu bolsa aragatnaşyk ulgamynyň ýokary depginde ösýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy we medeniýetli dynç almagy üçin döwlet tarapyndan döredilýän şeýle mümkinçilikler raýatlarymyzda uly ruhubelentlik döredýär. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmelerden görnüşi ýaly, häzirki döwürde ähli welaýatlarymyz, paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Olardaн medeni-durmuş maksatly binalar bilen birlikde, ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegi üçin hem möhüm ähmiýetli desgalar yzygiderli guruldy we gurulýar. Aşgabatda we Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berlen täze desgalar biziň her birimiziň göwnümizi galkyndyrdy. Ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlary, önümçilik desgalary halkymyzyň hal-ýagdaýynyň barha gowulaşýandygyny aňladýar. Şeýle-de, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan ummasyz köp maliýe serişdeleriniň goýberilýändigini habar berýär.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir