Sewastopol şäherinde ýerli sabyn gaýnadyjylaryň tagallasy bilen täze rekord hasaba alnypdyr. Olaryň ýasan iki metr uzynlykdaky sabynynyň ýüzünde taýýar edilen senesini we Sewastopolyň resmi nyşanyny şekillendiripdirler. Ukrainanyň rekordlar kitabynyň wekilleri ony GDA-nyň giňişligindäki iň uly sabyn diýip ykrar edipdirler. Bu rekordyň hasaba alynmagyna Krymda guralan sabyn öndürijileriň sergisi sebäp bolupdyr. Çünki şol çäräniň çäginde sewastopolly hünärmenler öz şäherleriniň adyny ebedileşdirjek haýyrly işi amala aşyrypdyrlar. Ady agzalan çäre tamamlanansoň, iki metr uzynlykdaky sabyny böleklere bölüp, çagalar öýlerine iberipdirler.

Köneler, Adiz tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir