ABŞ-da ýaşaýan milliarder Dewid Tepper hemişe köpçüligiň üns merkezinde bolýar. Ol ilki-hä ABŞ-nyň taryhynda gozgalmaýan emläk telekeçiliginde iň uly möçberli söwda eden adam hökmünde agza-dile düşdi. Muňa Dewid Tepperiň Nýu-Ýork ştatynda 43,5 million dollara kaşaň jaý satyn almagy sebäp boldy. Okeanyň kenarynda ýerleşýän şol jaýyň 570 inedördül metr meýdany tutýandygyny bellemek gerek. Şu mahal bolsa ol umumy meýdany 1050 inedördül metr meýdany tutýan iki gatly kaşaň jaýyň gurluşygyna başlap, köpleriň üns merkezindäki adama öwrüldi. Dewid Tepper "Absolute Return and Alpha" žurnalynyň geçiren barlaglary boýunça 2009-njy ýylda iň köp girdeji alan inwestisiýaçy hökmünde ykrar edilipdir. Şonda onuň bir ýylyň dowamynda 4 milliard dollar gazanandygy habar berlipdir.

Köneler, Adiz tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir