Alpdaky buzluklar ereýär Şweýsariýanyň Lozanna şäherindäki politehniki uniwersitetiň alymlary Ron buzluklarynyň eräp başlamagynyň üstüni açdylar. Ýewropanyň syýahatçylarynyň iň gelim-gidimli ýeri bolan Alp daglarynda ýerleşýän bu buzluklaryň 2100-nji ýylda düýbünden ýitip gitmek howpy bar diýip bellän alymlar Zenewa kölüniň gözbaşy bolan Ron derýasynyň hem ýitmek howpuny aradan aýyrmaýarlar. Häzirki wagtda bir kilometr töweregi kemelen Ron buzluklary 2060-njy ýyla çenli deň ýarysyny ýitirer. Bu ýagdaýy düýpli öwrenen alymlar indi munuň gaýtalanmazlygy üçin ýörite ugry saýlap alandyklaryny hem bellediler. 12 sagat aýdym aýtdylar Rumyniýanyň Kluj etrabynda 15 okuwçy 12 sagatlap arakesmesiz aýdym aýtmak bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardylar. Rekordlar kitabyna girmek üçin 2 ýyllap taýýarlyk gören 6-16 ýaş aralygyndaky gyzlara 12 sagat dowam eden konsertden soňra Ginnesiň rekordlar kitabynyň ygtyýarlylary diplomlaryny gowşurdy. Rumyn gyzlary ir sagat 8.00-da başlan konsertlerini arakesmesiz agşam 20.00-a çenli dowam etdirdiler. Konsertiň dowamynda okuwçylar 300 aýdym aýtdylar. Häzire çenli bu ugurda goýlan rekordyň Şweýsariýada geçirilen 4 sagatlyk konsert bolandygy mälim edildi.