Jomolungma ýa-da Ewerest gerşi dünýäniň iň beýik nokady hasaplanýar. Hytaý-Nepal araçäginde ýerleşýän Gimalaý daglaryndaky bu depäniň beýikligi 8 müň 848 metre barabardyr. Dagyň iň beýik nokady Nepaldan seredeniňde, beýleki kiçeňräk depeleriň bardygy sebäpli görünmeýär. Jomolungma gerşi troposferanyň üçden iki böleginden geçýän we kislorodyň az bolan belentliklerine baryp ýetýär. Kislorodyň azlygy, tizligi sagatda 100 kilometre ýetýän şemal we wagtal-wagtal 70 derejä ýetýän aýaz howa sebäpli bu beýik depelerde hiç hili jandaryň ýaşamagyna mümkinçilik ýok. Onuň köp ýerleri buzluklar bilen örtülendir. Daglardaky buzuň eremegi käbir derýalaryň gözbaşyny emele getirýär. Dagyň depesine ilkinji gezek 1953-nji ýylda çykyldy. Şol ýylyň 29-njy maýynda Täze Zelandiýadan Edmund Hillari we nepally Tensing Norgaý dagyň çür depesine çykmagy başardylar. Daga dyrmaşyjylar kislorod sistemasy, ýörite ýasalan aýakgap we eşik, aragatnaşyk enjamlaryndan peýdalandylar. Mundan soňra birnäçe daga dyrmaşyjy bu depä çykmagy başardy.