Ekrançylygyň ylmy esaslarda alynyp barylmagy, her gektara edilýän agrotehniki çykdaýjylaryň 50%-ne çenlisini döwletiň öz üstüne almagy, pagtaçynyň şertnamalaýyn borçnamadan artyk tabşyran pagtasy üçin 30% ýokarlandyrylan baha bilen hasaplaşyk geçirilmegi, daýhanlara ýeňillikli karzlaryň berilmegi, öňki kuwwatly tehnki parkyň üstüniň täze tehnikalar bilen doldurylmagy-bularyň hemmesi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň kepilnamasydyr. 2015-nji ýylda Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowurak bugdaýyň, 1 million 100 müň tona “ak altynyň” tabşyrylmagy muňa şaýatlyk edýär. Bugdaýy eksport edýän ýurt hökmündäki abraýymyz geçen ýyl has-da artdy. 2016-njy ýylda hem Döwlet haryt-çig mal birjasynyň üsti bilen daşary ýurtlara 200000 tonna bugdaýy satmak meýilleşdirildi. Şeýle hem Birleşen Milletler guramasynyň Azyk we oba hojalyk düzümleýin guramasynyň (FAO) 2015-nji ýyla çenli döwür üçin FAO-nyň maksatnamasynda kesgitlenen, müňýyllygyň ösüş maksatnamasynyň biri blan Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazanan üstünlikleri üçin ýurdumyz bu guramanyň ýötite baýragyna mynasyp boldy. 2016-njy ýylda kartoşkany, gök önümleri we bakja ekinlerini ekmek üçin 27 müň 770 gekdar ýer bölünip berildi. 38 million gektar öri meýdanlarynda 17 milliondan gowurak dowar bakylýar. Maldarçylykda et, süýt, ýag we beýleki önümleri öndürmek, şeýle-de düýedarçylyk, garaköli we saryja goýunlary ösdürip ýetişdirmrk işjeňleşdirilýär. Eziz Diýarymyzda guşçulyk fabrikleri, kärhanalary we fermalary hereket edýär, guşçulygy ösdürmäge has giň mümkinçilikler açylýar. Oba ilatynyň hususy hojalyklarynda-da bu işlere aýratyn ünüs berilýär. Ýurdumyzda bugdaý esasy ekinleriň biri hasaplanylýar. Şonuň ýaly-da arpa, şaly, süle, jöwen, mekgejöwen, nohut, mäş, künji, noýba ýaly önümleriň ýetişdirilişi giň gerime eýe bolýar. Biziň ýurdumyzda alynyp barylýan oňyn durmuş syýasatyny daşary ýurtly belli syýasatçylar, halkara guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri aýratyn belleýärler. Meselem, ýanwar aýynyň başynda Gazagystan respublikasynyň “Республика KZ” maglumat-analitik portaly “Türkmenistanyň yzyndan ýetmek we ozmak” atly materialy çap etdi. Onda GDA döwletlweriniň birnäçesinde iň az zähmet hakynyň we ýaşaýyş minimumynyň deňeşdirmesi getirilýär. Belli boluşy ýaly, biziň ýurdumyzda iň az zähmet haky 590 manat möçberinde kesgitlenen. Agzalan portalyň habarçysy :”Türkmenistanly goňşylarymyz üçin guwanyp bileris. Olarda sebitde iň ýkary iň az zähmet haky bellenen” diýip nygtaýar. Halkymyza, şol sanda gözel Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna ýokary derejede hyzmat etmek işleri ýola goýulan. Paýtagtymyzyň söwda merkezlerinde, bazarlarynda we dükanlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmek, şäher ilatyna we myhmanlaryna medeniýetli hyzmat etmek, bahalaryň durnukly we elýeterli bolmagyny üpjün etmek, söwda-da bäsleşigi artdyrmak boýunça giň gerimli işler alynyp barylýar. Bu babatda Türkmenostanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministitligi, Azyk senagaty döwlet birleşigi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi, eýeçiligine garamazdan söwda merkezleri we bazarlary, hususy telekeçiler guramaçylykly işleri alyp barýarlar. Alyjylara “Gülüstan” we “Türkmenistan” döwlet söwda merkezlerinde, “Teke”, “Jennet”, “Arzuw”, “Azatlyk”, “Ak ýol”, “Altyn asyr” Gündogar bazarlarynda, etraplaryň çäklerindäkidükanlarda, “Gypjak” söwda merkezinde we beýlekilerde ýokary derejede söwda hyzmatlary edilýär. Bu gün azyk bolçulygy, bahalaryň durnuklylygy we elýeterliligi türkmeniň ata-babalarymyzdan gözbaş alýan döwletli we agzybyr ojak mukaddesligi saçaklarymyzyň rysgal-berekediniň nyşanydyr, bu eşretiň gadyryny bilmek we berkitmek her bir raýatyň mukaddes borjudyr.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir