Hemmelere mälim bolşy ýaly, ýurdumyzdaky banklarda häzirki wagtda ABṢ-nyň dollarynyň nagt görnüşinde satylyşy togtadyldy we bu ẏagdaẏ tötänleẏin däl. Ҫünki dünẏä bazarynda ҫig nebitiň bahasynyň barha aşak düşmegi sebitiň beẏleki ẏurtlary bilen bir hatarda biziň ẏurdumyza hem bir derejede öz täsirini ẏetirdi. Muňa garamazdan, häkimiẏetler tarapyndan ilatyň bähbitlerine zeper ẏetmez ẏaly ҫäreler görülẏär. Ỷagny häzirki wagtda banklardan dollar aljak bolsaň, Viza ẏa-da Master-kart açdyryp, manat görnüşinde her aýda ABṢ-nyň 1000 dollaryny şol kartyň hasabyna geçirip, daşary ýurtlarda dollar görnüşinde alyp bolýar. Daşary ýurtlarda okaýan dogan-garyndaşlaryňa dollar ugratjak bolsaň, banklarda ýörite “Western ýunion” nokatlary hyzmat edýär. Şeẏle nokatlary ähli banklarda aҫmak boẏunҫa işler alnyp barylẏar. Dünẏäniň ösen ẏurtlarynda geҫen asyryň 50-60-njy ẏyllarynda nagt däl hasaplaşyga, bank elektron kartlaryna geҫildi. Hasaplaşygyň bu görnüşine biziň ẏurdumyzda hem geҫilmegi begendirẏän zat. Emma eliň bäş barmagynyň deň bolmaẏşy ẏaly käbir adamlar ẏurdumyzyň ösmegine goltgy bermäň deregine, badak atmaga ҫalyşẏarlar. Seẏrek hem bolsa, banklardan resmi kabul edilen nyrhdan daşary ẏurt walẏtasyny satyn alyp, soňra ony gymmat bahadan satyp, peẏda görmekҫi bolan raẏatlara hem gabat gelindi. Olar geҫen ẏylyň ahyrlaryna, 2016-njy ẏylyň başyndan dollaryň bahasynyň ẏokarlanjakdygy barada ẏalan gürrüňleri ҫykardy. Köpҫülikde hemmäniň häsiẏeti deň däl, şol ẏalan gybatlara ynanyp, birneme howsala düşenlerem boldy. Ỷylyň başynda bolsa hiҫ hili dollaryň bahasy üẏtgemedi we dowulҫylaryň ẏaẏradan gybatlarynyň ẏalandygyna halkymyz doly göz ẏetirdi. Ṣeẏle hem raẏatlaryň nagt pullaryny banklaryň elektron kart hasabyna geҫirip başlamagy dollaryň gara bazarda gymmat bahadan söwdasynyň öňüniň alynmagyna getirdi. Şonuň bilen bir hatarda iҫerki bazarda harytlaryň, şol sanda awtoulaglaryň söwdasynyň hem milli manatda amala aşyrylmagy raẏatlaryň esassyz aladalarynyň aradan aẏrylandygyna şaẏatlyk edẏär.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir