Medeniýet şäherçesiniň binalar toplumy: Medeniýet şäherçesiniň desgalarynyň hatarynda Türkmen döwlet medeniýet instituty, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internaty, umumyýaşaýyş jaýy, 200 orunlyk çagalar bagy we 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi, köp ugurly sport zaly, şeýle hem ilata durmuş taýdan hyzmat edýän desgalar bar. Medeniýet şäherçesiniň gurluşygyny hususy gurluşyk kärhanalarynyň—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň alyp barandygyny bellemek gerek. Türkmen döwlet medeniýet instituty Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binasy öz arasynda birleşdirilen birnäçe koridorlary, bloklary öz içine alýar. Baş binanyň altynjy gatyna çenli okuw we dolandyryş iş otaglary, okuw teatry, şeýle hem kinostudiýa we kinomeýdança, horeografiýa bilen meşgullanmak üçin türgenleşik zaly, 500 orunlyk konsert zaly, mejlisler zaly we kitaphana göz öňünde tutulypdyr. Binanyň merkezi böleginde türgenleşik zaly, barlaghana we ussahana ýerleşdirilipdir. Institutyň binalar toplumyna şeýle hem 200 orunlyk naharhana we sport zaly girýär. Birinji gatda okuw teatry ýerleşýär. Ikinji gatda okuw kinostudiýasy bar. Bu ýerde öz döwründe türkmen kinematografiýaçylary tarapyndan surata düşürilen filmlerinden suratlar ýerleşdirilen diwarlyk, şeýle hem geçen ýyllarda ýurdumyzyň milli kino sungatynyň ajaýyp eserleri surata düşürilen köne kino enjamlarynyň nusgalary ýerleşdirilipdir. Milli konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internaty Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň her biri 225 orunlyk binalaryň ikisinden ybarat bolup, binalaryň arasynda naharhana ýerleşýär. Dört adam üçin niýetlenen oňaýly ýaşaýyş otaglary häzirki zaman mebeller bilen üpjýn edilipdir. Umumyýaşaýyş jaýlarynda durmuş hajatlary, özbaşdak okuwlar üçin otaglar, lukmançylyk bölümi göz öňünde tutulypdyr. Çeşme: “Türkmenistan: altyn asyr” Elektron gazeti

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir