Bitarap Türkmenistan şaýolunyň we Oguzhan köçesiniň kesişýän ýerinden 1,5 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan “Polimeks” türk gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan “Bagt köşgüniň” binagärlik keşbi özboluşlydyr. Umumy meýdany 38 müň inedördül metrden gowrak bolan 11 gatly bina üç basgançakly desgadan ybaratdyr, onuň her bir tarapynda sekizburuçly ýyldyzyň şekili bar. Uly sütünlerde ýerleşdirilen kub ýokarky basgançagy emele getirýär we bu ýerde döreýän ýaş maşgalalaryň agzybirligini, wepalylygyny we berkligini beýan edýän, Türkmenistanyň kartasyny şekillendirmek bilen simwoliki ýer şaryny aňladýan 32 metr diametri bolan şary özünde jemleýär. Binanyň 4 girelgesi älemiň 4 tarapyny aňladýar. Köşgüň jaýlarynyň içki bezegi hem milli äheňde ýerine ýetirilipdir. Nikany dabaraly ýagdaýda bellige almak üçin toý mekanlarynyň altysy köpugurly merkeziň düzümine girýär, şolaryň her biriniň öz ady bar, toý mekanlarynyň üçüsi baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenendir, olaryň ikisi 500 we biri 1000 orunlykdyr (1000 orunlyk “Ak ýol”, 500 orunlyk “Älem”). Köşgüň dokuzynjy gatynda şaryň merkezi böleginde nika baglaşmak üçin “Şamçyrag” atly altyn zal ýerleşýär. Şeýlelikde, köşkde bir wagtyň özünde ýaş çatynjalaryň ýedi jübütine nika hakyndaky şahadatnamany resmileşdirmek hem-de dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin şertler döredildi. Bu ýerde banket zallarynyň ýedisi, dükanlaryň otuz altysy (“Janin” we “Gülzaman” atly ýöriteleşdirilen dükanlary we başgalar), kafeleriň ikisi, ähli zerur toý hyzmatlary edilýän ýerler, şol sanda toý egin-eşikleriniň, gelinalyjy ulaglary bezemegiň salonlary, zergärçilik önümlerini we milli şaý-sepleri kireýine berilýän salonlar, fotosalonlar we gözellik salony, 22 sany oňaýly otaglardan ybarat bolan myhmanhana hem ýerleşýär. Üçünji we dördünji gatlarda dolandyryş jaýlary we arhiw bar. Binanyň ýerzemininde 300 awtoulag üçin niýetlenen ýapyk awtoduralga, tehniki jaýlar bar. Dokuzynjy gatda nikany bellige almak üçin “Şamçyrag” atly iň uly tegelek zal ýerleşýär. Bu zalyň ady onuň bezegine laýyk gelýär, onuň diwarlary milli şaý-sepler bolan “şelpäni” ýatladýan altyn sapaklar we haly gölleriniň “altyn” şekilleri bilen bezelipdir. Uly hyr görnüşli hrustal çyra “Şamçyragyň” hakyky bezegidir. Zal lowurdap duran ýyldyzly asmanyň görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Sazandalar üçin ýörite ýer bellenipdir. Üçünji gatda toýlary we maşgala dabaralaryny geçirmegiň milli däplerini giňden wagyz etmek, gelýänleri toý çärelerini milli ruhda guramak bilen tanyşdyrmak üçin döredilen medeni-usulyýet merkezi ýerleşýär. Merkeziň giň otagynda kitaphana ýerleşýär, şonda toý dabaralaryny geçirmäge bagyşlanan köp sanly dürli edebiýatlar, owadan bezelen žurnallar, gollanmalar, şeýle hem nusgawy türkmen edebiýatynyň eserleri görkezilýär. Aýratyn diwarlykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, şol sanda türkmen halkynyň medeni däpleriniň baý dünýäsi we halyçylyk sungaty barada gürrüň berýän, owadan bezelen “Janly rowaýat” atly kitaby goýlupdyr. Telewizorlaryň ekranlarynda milli toý dabaralarynyň geçirilişi görkezilýär, ýörite planşetlerde medeni-usulyýet merkeziniň işiniň esasy ugry bolan okuw-aň-bilim babatdaky wezipeleri beýan edilýär. Merkez bu ýerde toýlary guramak, şol sanda toýy alyp baryjylary, operatorlary, diktorlary, fotosuratçylary we beýlekileri taýýarlamak boýunça ýörite okuwlary geçirmäge mümkinçilik berýän tehniki serişdeler bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde toý we beýleki maşgala dabaralaryny geçirmek baradaky örän köpdürli maglumatlary almak, şeýle hem olary guramak boýunça hyzmatlary buýurmak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Desganyň açylyş senesi: 28.11.2011 Çeşme: “Türkmenistan: altyn asyr” Elektron gazeti

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir