Iýmitlenme boýunça britan hünärmenleri şeýle netijä geldiler. Ekspertleriň aýtmagyna görä, soňky onýyllykda göwrelilere foliý turşysy bellense-de, doga kemislikli dogýan çagalaryň sany azalmaýar. Beýik Britaniýanyň Iýmit standartlary boýunça agentligi foliý turşylygyny çörege we çörek önümlerine goşmagy maslahat berýärler. Ekspertler çaga we onuň maşgalasy üçin howply bolup durýan, emele gelýän düwünçegiň nerw turbajygynyň doga kemisliklerini doga kemislikleriň arasynda iň ýygy duş gelýän görnüşi hasaplaýarlar. Şeýle bozulmalar esasynda göwreliligi aýyrma çäresini geçirme netijeli we dogry usul hasaplanyp bilinmeýär. Akuşerçilik we ginekologiýa kollejiniň professory Alan Kämeronyň aýtmagyna görä, iýmit önümleriniň foliý turşylygy bilen baýlaşdyrylmagy, maddy taýdan kynçylyk çekýän we göwreliligi öňünden meýilleşdirmedik aýallara sag çagalary dünýä indirmäge kömek eder.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir