Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadan we rowaç durmuşda ýaşaýan türkmen halkymyz köp sanly belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmaklarynda aýajyp Milli baýramymyz bolan- ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygyny çäksiz buýsanç hem-de uly şatlyk bilen belläp geçdi. Bu şanly baýramçylygy biziň bilen bilelikde bellemek üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlarynyň wekilleri gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherine geldiler. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabada gelen dünýä ýurtlarynyň Liderleri- Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiç, Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwili, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew, Moldowа Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timofti, Täjikstan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Kerimow we dünýäniň onlarça ýurtlaryndan gelen döwlet we hökümet Baştutanlary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar mähirli garşy alyndy. Daşary ýurtlardan bu şanly baýramçylyga şeýle köp sanly wekiliýetiň gatnaşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun tarapyndan ýörüte baýramçylyk gutlagynyň iberilmegi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana dünýäde örän uly hormatyň goýulýandygyna we türkmen Bitaraplygyna hoşniýetli garalýandygyna şaýatlyk edýär. Şol gün paýtagtymyzda belent mertebeli myhmanlaryň gatnaşmaklarynda «Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy» atly Halkara maslahaty geçirildi. Bu Halkara maslahatda Milli Liderimiz taryhy, dabaraly söz sözledi hem-de maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu ýere ýygnanlary ýene bir gezek mähirli mübärekledi we olara bu maslahatyň işine gatnaşmak we türkmen halky bilen bilelikde taryhy senäni – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygyny bellemek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. «Bu Halkara maslahata şeýle köp sanly wekilýetleriň gatnaşmagyna doly esas bilen Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde garaýarys. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen garaşsyzlygymyzyň we maksatlarymyzyň umumydygynyň aýdyň mysaly hökmünde baha berýäris» - diýip döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda belläp geçdi. Maslahatda dünýä ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň birnäçesi çykyş edip, mähirli myhmansöýerlik we çäräniň ajaýyp guralandygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdiler hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramçylygy bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we bütin türkmen halkyny mähirli gutladylar. Belent mertebeli myhmanlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň BMG-nyň ýörüte çözgüdi bilen öz Bitaraplyk derejesini konstitusion taýdan berkiden ýeke-täk döwletdigini, Türkmenistanyň sebitde we bütin dünýäde howpsuzlyga, parahatçylykly ösüşe we halklaryň özara ylalaşyklaryna uly goldaw berýän ýurtdygyny belläp geçdiler. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli geçirlen bu dabaraly maslahat ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar we maslahatda aýdylan her bir teklipler, pikirler geljekde diplomatlar, ykdysadçylar, hukukçylar, žurnalistler we talyplar tarapyndan uly üns bilen öwreniler hem-de onuň netijeleri bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, döwletleriň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmäge gönükdiriler.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir