Internediň ýaýrap başlamagy bilen adamlaryň aň-düşünjesi ösýär. Elbetde gowy niýetli ulanýanlaryň ýanynda erbet niýetli adalara hem pursatlar döreýär. Siziň bilesigelijilik duýgularyňyzy ulanyp size zyýan ýetirýän adamlar az däl. Hemme ýerde boluşy ýaly internet dünýäsinde hem "sypan" adamlar bar. Bu ýerde hackerler we görnüşleri hakynda maglumat bermekçi däl, diňe käbir kiçijek howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek bilen köp zatlardan goranyp boljakdygyny görkezmek. Mümkin bolsa e-poçta adresiňiziň açarsözüni el bilen ýazmajak boluň, fleshkada ýada kompýuteriňizde bir ýerde "notepad" açyp içine açarsözüňizi ýazyp goýuň, gerek wagty şol ýerden copy/paste edip ulnyň. Gönümel açarsözi ýazyp goýasyň gelmese birnäçe düşnüksiz harplaryň arasyna gizläp bilersiňiz. Meselem: adycuvvu.açarsözüňizuug. Açarsözüňizde uly harp, kiçi harp, san we simwollary garyşdyryp ulanmak maslahat berilýär. Meselem: Açar,sözüňiz.26" E-poçta adresiňize gelen sepleri (linkleri) düşünmeseňiz basmaň. Siziň iň ýakyn tanyşyňyzdan hem gelse doly nämedigine göz ýetirmän basmaň. E-poçta bilen gelen .exe faýllaryndan ägä bolmaly, wirus bolup biler. Eger bir programma gerek bolsa hökman şol programma degişli resmi/original çeşmesini ulanyň. Ýada käbir ynamdar saýtlar bar siziň üçin programmalary alyp berýär. Meselem mugt programmalary almak üçin filehippo.com ulanyp bilersiňiz. Meselem Line programmasyny Türkmenistanda köp ulanýarys, eger ol programma gerek bolsa onda line.me original we resmi web sahypasyndan almaly. We resmi ýagdaýda Line kompaniýasynyň bu öz saýtynda berilmedik hiçzady ulanmaň. Türkmençe Line ýada Türkmençe Line@ ýaly progammalara gabat gelseňiz we ulanasyňyz gelse line.me web sahypasyndan gözläň bar bolsa şol ýerden alyň ulanyň bolmasada ulanmaň, eger ulansaňyz Line kompaniýasy siziň paroluňyzy goramaga güwä geçmeýär. E-poçtalaryňyzda mümkin bolsa 2-faktor giriş (2FA) ulanyň. Telefon nomeriňize gelen 2-nji parol arkaly girip ulanyp bolýar. Eger telefonuňyz ýanyňyzda däl bolsa onda girip bolmaýar, has howpsuz. Operasion sistemaňyzyň dowamly täze wersiýasyny alyp durmagyňyzy maslahat berýäris, windows ulanýan bolsaňyz munuň üçin elbetde originalyny ulanmaly bolýar bolmasa update (täzeläp) bolmaýar. Ulanýan programmalaryňyzy hem edil şolar ýaly täzelemeli (update). Hökman antiwirus programmasyny ulanmaly, windowsyň özünde gelýän Windows Defender antiwirus programmasy bar. Internede baglap dowamly täzeläp (update) duruň. Line ulanýan bolsaňyz köp spam sms ler gelýär gruppalardan. Şol ýerde gelýän linklerden hem seresap bolmaly. Birnäçe gruppalaryň açarsözleri ýalňyşlyk bilen başgalarynyň eline geçendigini gördük. Telefonlaryňyza alýan programmalary, oýunlary hem barlap almaly. Näçe adam alypdyr? Kim näme syn ýazypdyr? Umumy baly näçe? Bu ýagdaýlary doly ynamdarlygyna göz ýetirip almaly. Ady owadan ekeni diýip alyp bilen programmamyzy alýarys, soň bolsa telefonum doňýar ýada gyzýar ýaly nägilliklerimiz döreýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir