Men Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Kerim Atajanow. Ýagny, men Türkmenistan watanymyzyň ähli ulgamlarynda öňe gidişlikleriň gazanylyşy ýaly, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrylýan işleri aýratyn bellemek isleýärin. Has takygy, şonuň bilen baglanyşykly häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, degişli etrap, şäher häkimlikleri tarapyndan raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak ýaly il-ýurt bähbitli işler hem toplumlaýyn alnyp barylýar we göz öňünde tutulan işler gyssagly durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde 2015-nji ýylyň degişli döwrüniň içinde ýurdumyzyň müňlerçe ýaşaýjylary, hususanda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň aglabasy özleriniň ýaşaýan jaýlaryny hususylaşdyrdylar. Öň bu zatlar ýokdy. Ýokarda agzalan ugurda ýurdumyzda degişli işler geçirilip, häzirki wagtda hem yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygyna garamazdan, halkyň arasynda käbir gözýetimi dar raýatlarymyz tarapyndan ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak işleriniň ýakyn günlerde çäklendiriljekdigi baradaky ýalan gürrüňler ýaýradylyp, köpçüligi howsala düşürmäge synanyşyk edýärler. Şu günki günde ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak çäreleriniň dowam etmegi hem ýokardaky gürrüňleriň ýalandygyna şaýatlyk edýär. Men ýurdumyzda degişli etrap, şäher häkimlikleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak çäreleriniň dowam etjekdigi, şeýle-de gelejekde hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça birnäçe işleriň göz öňünde tutulýandygy barada häkimlik edarlarynda işleýän ýakyn tanyşym bilen bolan gürrüňdeşlikde eşitdim. Şeýle-de, ol ýaýradylýan gürrüňleriň ählisiniň howaýy ýalan gürrüňlerdigini, Türkmenistan Watanymyzyň ähli ulgamynyň gün saýyn ösüp gelýändigini belläp, ýokarda agzalan töhmetçilikli ýalan gürrüňleriň watanymyzyň ösüşine gözi gidýän şahslar tarapyndan halkyň arasynda ýaýradylýan bolmagynyň mümkindigini mälim etdi.
Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak boýunça işler giň gerim alýar
-
messibet
9 years ago
- Töweregimizdäkiler hususylaşdyrdy bolmaly däl, jaýlaryna we melleklerine reşeniýe we domowoý aldylar. Biz domowoý alyp bilýärismi şu wagt. 50-60ýyl bäri otyrys. Ýazgyda durlan jaý küme bolup gidendir. Bir topar hojalyk şol kümede ýazgyda. Ondan soň jaýlar salyndy we wagtynda 90-njy ýyllarda ylgana domowoýly boldy. Biz ýaly habarsyzlaram jaýyna dokument alyp bilmedi. Jaýyny domowoýlamagam soň ýapyldy öýdýän.
Küme diýýänimem ýykylyp giden bolmagam ahmal.
messibet 9 years ago- Aşgabadyň obalaryndaky jaýlaram hususylaşdyryp bolýarmyka? Mysal üçin töweregimizdäkiler 90-njy ýyllaň içinde mellek ýerlerindäki jaýlaryny hususylaşdyrdylar. Ýazgymyz şol ýere, ýöne salnan jaýlaň dokumendi ýok. Şol jaýlary hususylaşdyryp öý kitabyny alyp bolýarmyka?
Awtor sorap göräýdä şol tanşyňdan.