Şu gün Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň binalary dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda açylyp, ulanylmaga berlen binalar: Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Köpetdag etrap bölüminiň edara binasy, potratçysy «Gujurly inžener» hojalyk jemgyýeti; Köpetdag etrap prokuraturasynyň edara binasy, potratçysy «Rysgally zähmet» hojalyk jemgyýeti; Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 12 gatly, 66 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Rysgally zähmet» hojalyk jemgyýeti; Köpetdag etrap polisiýa bölüminiň edara binasy, potratçysy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy; Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 12 gatly, 44 öýli, dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy; Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edara binasy, potratçysy «Çeper gurluşyk» hususy kärhanasy; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň edara binasy, potratçysy «Çeper gurluşyk» hususy kärhanasy; Köpetdag etrap kazyýetiniň edara binasy, potratçysy «Gujurly inžener» hojalyk jemgyýeti; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 12 gatly, 44 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Gujurly inžener» hojalyk jemgyýeti; Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň 12 gatly, 44 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti; Saglyk öýi, potratçysy «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti; Köpetdag etrap häkimliginiň edara binasy, potratçysy «Myradym» husysy kärhanasy; Oguzhan köçesiniň Bitarap Türkmenistan şaýolyndan Garaşsyzlyk şaýoluna çenli bolan aralygyny döwrebap şekilde abadanlaşdyrmak işleri, potratçysy «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy; «Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň edara binasy, potratçysy «Ösüş gurluşyk» hususy kärhanasy; «Aşgabathyzmat» önümçilik birleşiginiň «Owadan» hyzmat ediş öýi, potratçysy «Ussat inžener» hususy kärhanasy; birinji gatynda söwda we hyzmat ediş merkezi ýerleşýän 3 gatly 200 orunlyk awtoduralga, potratçysy «Ussat inžener» hususy kärhanasy; «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň edara binasy, potratçysy «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 12 gatly, 66 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy; «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň 12 gatly, 66 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Ajaýyp bina» hojalyk jemgyýeti; birinji gatynda söwda we hyzmat ediş merkezi ýerleşjek 200 orunlyk awtoduralga, potratçysy «Ajaýyp bina» hojalyk jemgyýeti; «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň 12 gatly, 66 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Dowamat» hojalyk jemgyýeti; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň 12 gatly 66 öýli, dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Berk ýol» hojalyk jemgyýeti; Aşgabat şäher häkimliginiň 12 gatly, 66 öýli, dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Gümmez gurluşyk» hojalyk jemgyýeti; her biri 600 orunlyk iki sany mekdep, potratçylary «Polat gurluşyk» hem-de «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetleri; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 12 gatly, 66 öýli, dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy; Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 12 gatly 44 öýli dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Polat gurluşyk» hojalyk jemgyýeti; her biri 160 orunlyk iki sany çagalar bagy, potratçylary «Berk Gala gurluşyk» hem-de «Baýly gurluşyk» hususy kärhanalary; «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezi, potratçysy «Nur zaman» hususy kärhanasy; Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Gorag müdirliginiň binalar we desgalar toplumy, potratçysy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy.

Köneler, nexttm tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir