Meýdan apteçkasynda (derman gutujygy) şu zatlar bolmagy zerur: ýoduñ spirtli ergini jöwherli ýaşyl; Wodorodyñ öteturşusy (antiseptik we gan togtadyjy serişde hökmünde), Bor turşusy, marganes turşuly kaliý, spirt ýa-da arak (kompres üçin hem-de mikroblardan zyýansyzlandyryjy serişde hökmünde), hasa, pamyk, bakterisid plastyr, rezin ellikler, Wişnewskiniñ mazy, aspirin, analgin, baktisubtil (içgeçmede içegäniñ mikroflarasyny kadalaşdyrýar), ampissilin (köp täsirli antibiotik), no-şpa (böwrek sanjysynda, holesistitde, agyryly aýbaşyda), walidol, walokordin (ýüregagyry tutgaýynda), suprastin (allergiki reaksiýalarda).

Köneler, BegaLukman tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir