Gurçuk şekilli ösüntgi (köriçege) Ýogyn içegäniň başlanýan ujunda köriçege emele gelýär. Şol ýerde hem gurçuk şekilli ösüntgi bar. Şona hem appendiks diýilýär. Onuň uzynlygy 2 sm-den 12 sm. çenli bolup bilýär. Appendiks adam organizminde hiç hili işi ýerine ýetirmeýär. Onuň içki boşlugyna käbir maddalaryň (siňdirilmedik iýmit bölejikleriniň, çigidiň gabygy, erigiň, igdaniň maýda şänikleri we ş.m) we bakteriýalaryň düşmekligi, onuň çişmekligini emele getirýär. Onuň çişmekligi bolsa medisinada appendisit keseli diýlip atlandyrylyar. Keseliň käbir alamatlary: yürek bulanma, içgeçme, kelle agyry, garnyň sag tarapynda güýçli agyry, we ö.m. Bu keselde operasiýa usuly bilen köriçege (appendiks) kesip aýrylýar. Şeyle edaýmeseň bu keseliň başga çykalgasy, alajy ýokdur. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda wagtynda lukmana (doktora) görünmek gerek. Eger wagtynda bilmeseňiz, köriçegäniň ýarylyp, keseliň ölüm bilen gutarýandygyny hem ýatlatmak zerur.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir