Yaramaz hilli we kone iymit önümlerini peýdalanmak iýmitden zäherlenmeklige getirip biler. Ol, köplench, kolbasa önümlerini, konserwalar, aýratyn hem öyde taýýarlanylan konserwalary peýdalanylanda yüze çykyar. Iýmitden zäherlenmek zäherli kömelekler, ýagny solgun ýylankömelek, ýalan şampinon we başgalar tarapyndan hem bolup biler. Şular ýaly zäherlenmeleriň çeşmesi käbir balyklaryň (marinkanyň) zäherli organlary hem bolup bilerler. Iýmitden zäherlenmek kesel dörediji bakteriýalar bilen hapalanan önümler iýlende has köp bolyar. Zäherlenmegiň ilkinji alamatlary iýmit iýlenden 5-12 ya-da 20-24 sagatdan soň yüze çykýar. Zäherlenmegiň netijesinde garyn agyrmak, gusmak, iç geçmek, kelle agyrmak, baş aýlanmak, huşuny ýitirmek, gaty gowşaklyk ýaly alamatlar ýüze çykýar. Zäherlenen adama ilkinji kňmek hökmünde onuň aşgazanyny ýuwmaly. Zäherlenen adam tiz lukmana (doktora) yüz tutmaly, we "Tiz kömek" ("skoryý") çagyrmaly.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir