Men Döwran Aşyrow Mary etrabyndan. Men mundan üç ýyl ozal etrabyň çägindäki hökümet edaralarynda işleýärdim. Aýlyk gazanjym we gün-güzeranym oňatdy. Üç çagamy, maşgalamy gowy eklemäge mümkinçiligim bardy. Bir tanyş dostumyň daşary döwletlerde gowy iş, gazanç bar diýenlerine ynanyp. Pula gyzyp. maşgalamy, gül ýaly kärimi taşlap, ata-Watanymy taşlap daşary ýurtlaryň birine iş gözläp, gazanç etmäge, baýlyk toplaryn diýen maksady bilen gitdim. Agalarym, dogan-garyndaşlarym daşary ýurtlara gitme, öz Watanymyzda hem gül ýaly işiň bar diýseler-de, diňlemedim. Şeýlelik-de, şol söwdagär tanyş dostumyň ýalan gepine ynanyp, daşary ýurtlaryň birine gitdim. Daşary ýurda baranymdan soň, dostum meni şol ýurdyň nätanyş bir adam bilen tanyşdyrdy. Ol adam meni işe ýerleşdirjek diýip, elimden pasportymy aldy. Ol meni şol ýurdyň alýumin önümlerinden bolan enjamlary öndürýän kärhananyň bir bölümine ýerleşdirdi. Bu bölümiň işi adam saglygyna zyýan ýetirýän zyýanly himiki maddalar bilen işleşmeli bölüm eken. Bir-iki ýyl wagt geçenden soňra men jan saglygymyň gowşaýandygyny duýdum. Öýkenimde, bagrymda ýiti agrylary duýup başladym. Meniň gazanjym ýaşaýan jaýym üçin kireý tölegleрine, derman almaga we çagalaryma ibermäge ýetmedi. Men kynçylyga duçar bolup başladym. Ilkibaşda aýlygymy peseltdiler, soňra işden boşatmak bilen boldylar. Meniň soňky aýlardaky aýlyk zahmet hakymy bolsa bermediler. Pasportymy hem alyp bilmedim. Soňra ýaşaýan jaýyma töleg pulum bolman, biriniň hojalygynda хакына тутма ишлемäге sezewar bolup, buýran işlerini etmäge меjбур boldum. Käbir işleri ýerine ýetirmäge jan saglygym mümkinçilik bermedi. Şondan az wagt geçenden soň men öz Watanyma dogduk depäme, ýurduma dolanmagyň aladasyny edip başladym. Soňra hojaýynyma haýyş edip, öňki iş ýerimden kynlyk bilen pasportymy aldym. Şeýlelik-de, bar gazananja ujypsyzja puluma ýol petegini alyp.Watanyma, öz maşgalama gowuşmagy ýüregime döwdüm. Aeroportda deport edilip, Watanyma dolandym. Daşary ýurtlarda kösençlikleri, kynçylyklary başymdan geçirip görenimden soň, мäтäчлиге sezewar bolanymdan soň halkymyzyň “Özge ýurtda şa bolanyňdan, öz ýurdyňda geda bol”, “Ýurdyndan aýrylan ölýänçä aglar” diýen nakyllarynyň manysyna düşündim. Men özüm ýaly deň-duşlarymyň ýalançy kezzaplaryň aldawyna düşüp, daşary ýurtlara gazanç etmäge, iş diýip baýamak maksady bilen gitmezligi maslahat berýärin. Men häzirki wagtda öz ýurdymda, öňki kärhanamda, öňki kärimde zähmet çekip, maşgalamy bolelin ekleýärin.

Köneler, parahattm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir