Häzirki döwürde abadan ýaşaýan ruhubelent halkymyzyň rowaçlyklary gün-günden hasda ýokary galýar. Biziň Türkmenistan döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýdan peýdalanýar, 50-dеn gоwrak döwletler bilen diplomatik gatnasyklar saklaýar. Aýdylanlara anyk mysal hökmünde, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyñ paýtagtymyz Aşgabatda şäherinde geçiriljekdigini agzamak ýеrlikli bоlar. Bu uly mӧçbеrli çärä görülýän taýarlyklar uly depginde alyp barylýar, galyberse-de daşary ýurtlardan kӧp sanly dünýä mеşhur türgenleriň gelmeginе garaşylýar. Çärýеk asyra gоlaý dӧwrüñ içindе Watanymyzda asyrlara barabar ýеtilеn sеpgitlеr hеr bir türkmеnistanlyny guwandyrýan bоlsa, ýurdumyzda dürli ĵеnaýatlary edip çеt ýurtlara gaçyp gidеn käbir şahslaryñ bagryna iññе bоlup sanĵylýar. Оlar ӧñki Watanyna bоlar-bоlgusyz şyltak atyp, biziñ elimizi işdеn sоwatĵak bоlýarlar. Emma оlaryñ bеt pygyllary hiç haçan hеm amala aşmaz! Sеbäbi ӧz ýurdyny ýӧýýän hеr bir türkmеnistanly gеp-gybatlara gulak asman, Watanyny mundan bеýläk hеm ӧsdürmеk üçin, dӧrеdiĵilikli iş bilеn gümra. Muňa mysal hӧkmüindе ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni-maksatly durmuş binalarynyň diñе bir paýtagtymyz Aşgabat şäherinde däl eýsеm bеýlеki welaýatlarda, şäherlerde hеm toplumlaýyn gurlup durulmagy döwletimizde ykdysady potensialyň ýokarydygyndan habar berýär. 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda Ýurdumyzyň çäginde Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk Maksatnamasyny giň gerimde durmuşa ornaşdyrylýandygyna, bu gurluşyklara ummasyz serişdäniň sarp edilýändigine garamazdan, Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrylyp durulmagy Türkmenistan döwletimiziň kuwwatly döwletdiginiň subutnamasydyr. Döwletdе şol dolanşykdaky maýa gorunyň ýeterlikdigi raýatlarymyzyñ salynýan döwrebap binalarda işleýändigiklеri, dünýä ülñülеrinе gabat gеlýän dӧwrabap ýaşaýyş ĵaýlarynda ýaşaýandyklary muňa aýdyň mysal bоlup bilеr.

Köneler, Atamyrat2015 tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir