Häzirki döwürde ýurdumyzyñ senagat we durmuṣ maksatly desgalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça iṣler yzygiderli alnyp barylýar. Bedew bady bilen öñe barýan döwletimizi çalt depginler bilen senagatlaṣdyrmaklyga, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmekde we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaklyga gönükdirilen maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilmeginde elektrik energiýasy pudagyna möhüm orun degişlidir. Şoňa laýyklykda hem ýurdumyzda öňki bar bolan elektrik stansiýalaryň, beketleriň durkunyň täzelenmegi bilen bir hatarda häzirki zaman gaztrubina eletrik stansiýalary, elektrik geçirjileri, paýlaýjy beketler gurulýar we paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň elektrik üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamy düýpli täzelenýär. Geçirilýän bu çäreleriň netijesinde ýurdumyzyň energetika senagatynyň kuwwatlyklary birnäçe esse ýokarlandy we munuň özi diňe ýurdumyzyň sarp edijilerini üpjün etmek bilen çäklenmän, daşary ýurtlara hem elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik döredi. Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz elektrik energiýasynyň ägirt uly mümkinçilikleri bolan we elektrik energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde iň baý döwletleriň biridir. Şeýle hem häzirki wagt elektrik energiýasyny öndürmek dünýäde iň girdeýjili önümçilikleriň biri hasaplanylýar we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýäsynyň eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna oňyn täsirini ýetirer. Şoňa laýyklykda hem Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda häzirki zaman energetika ulgamyny kemala getirmeklige, ony ösdürmeklige we döwrebaplaşdyrmak üçin dünýäniň iň ösen tejribelerini ulanmaklyga aýratyn üns berýär. 2013-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanyň elektrik energetikasyny 2013-2020-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasysyna” laýyklykda ýurdumyzda elektrik stansiýalaryň 14-sini gurmak göz öňünde tutulýar. Dünýä ülňelerine laýyk gelýän bu desgalaryň gurulmagy bilen ýurdumyzyň elektrik energiýa kuwwatlylygy has-da artar we munuň özi ýurdumyzyň senagat hem-de durmuş maksatly binalarynyň elektrik energiýasy bilen hiç bir bökdençsiz üpjün edilmegine mümkinçilikleri döreder. Häzirki wagtda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda olaryň dördüsi eýýäm ulanylmaga berildi we Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda we Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda häzirki zaman gaztrubinaly stansiýalaryň ikisiniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Ine, şu ýylyň 24-nji iýunynda Mary welaýatyna bolan iş saparynda Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan täze bug-gaz elektro stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasy bilen içgin tanyşdy we Mary welaýatynda täze elektrik stansiýasyny gurmak baradaky karara gol çekdi. Bu elektrik stasiýasyny gurmaklyk Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk edip gelýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “General Elektrik” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Ýylda 12,6 milliard kilowatt sagat elektrik energiýasyny çykarmaga niýetlenen bu täze elektrik stansiýasy häzirki zaman tehnologiýaly desgalaryň toplumyndan ybaratdyr. Biziň güneşli ýurdumyz tebigy ýerleşişi boýunça yssy, jöwzaly tomusly ýurt bolup durýar we tomusda howanyň 40 gradusa ýetýän günleri hem az bolmaýar. Şonuň üçin hem tomus döwründe her bir öýde ýaşaýjylarymyz tarapyndan sowadyjy enjamlaryň, holodilnikleriň we beýleki enjamlaryň köpçülikleýin ulanylyşy artýar we şonuň bilen birlikde elektrik energiýasynyň sarp edilişi hem adaty döwürlerden has artýar. Şonuň netijesinde hem käwagtlar öýlerde elektrik togunyň peselmegi ýa-da az wagtlyk öçmegi ýaly ýagdaýlaryň bolýandygyny hakykatyň hatyrasyna belläp geçmelidiris we ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaklygyň çäklerinde täze elektrik stansiýalarynyň birnäçesiniň gurulmagy bilen bu wagtlaýyn kynçylyklar doly aradan aýrylar. Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyñ elektrik energetika pudagyny ösdürmek barada edilýän aladalaryň netijesinde, bu wagtlaýyn kemçilikler gysga wagtda doly aradan aýrylar we täze elektrik stansiýalaryň gurulmagy ýurdumyzyň energetika kuwwatlylygyny has-da ýokarlandyrar. Durdy Esenow

Köneler, Atamyrat2015 tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir