Özüniñ ak mermer binalary bilen Ginnesiñ rekordlar kitabyna giren gözel Aṣgabat ṣäherimiz gün-günden gözelleṣẏär we abadanlaẏar. Hormatly Prezidentimiziñ belleyṣi ẏaly: “Biziñ gözel paẏtagtymyz öz ajaẏyp keṣbi bilen bütin dünẏä meṣhur bolmalydyr” we ṣoña laṣyklykda hem Aṣgabat ṣäherimizi dünẏäniñ iñ uly, iñ owadan we raẏatlarymyzyñ ẏaṣamagy üçin iň oňaẏly şäherleriñ birine öwürmek baradaky ägirt uly işler batly gadamlar bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Aşgabat şäherimizi täze döwrebap binalary has-da gözelleşdirilen Paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji tapgyrynda gurlan binalaryň toplumy Hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda ulanylmaga berildi we häzirki wagtda bagtyýar raýatlarymyzyñ müňlerçesi olarda döredilen eşretlerden doly peýdalanýarlar. Şeýle hem Aşgabat şäheriniñ binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyza has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen gurluşygy alnyp barylýan Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyryndaky gurluşyklar tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Eger-de 12-nji tapgyryň gurluşygynda binalaryň aglabasy türkmen-telekeçileri tarapyndan gurlan bolsa, onda 13-nji tapgyrda binalaryň ählisiniň tutuşlygyna türkmen-telekeçileri tarapyndan gurulýandygy bolsa örän guwandyryjydyr. Mälim bolşy ýaly geçen ýylyň 26-njy dekabrynda Hormatly Prezidentimiziň degişli karara gol çekmegi bilen Paytagtymyzy ösdürmegiň 14-nji tapgyryna badalga berildi. Häzirki wagtda ilkinji işleri geçirilip başlanan bu tapgyrda gurulmaly binalar esasan, ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolar. Has takygy gurulmaly 24 binanyň 23-si ýaşaýyş jaýlarydyr. Bu tapgyryň binalarynyň doly gurlup gutarylmagy bilen ajaýyp paýtagtymyzda ýene-de 1320 hojalyk täze öýe göçüp, jaý toýlaryny tutarlar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl gurluşygyna badalga beriljek 15-nji tapgyrda öňki tapgyrlardan tapawutlylykda belent gatly ýaşaýyş jaýlary we edara-binalar bilen birlikde, bu tapgyrda iki gatly kotej görnüşli jaýlar hem gurlar. 15-nji tapgyryň gurluşyklary 280 desgany, şol sanda 12 gatly 72 we 48 öýli ýaşaýyş jaýlaryny, 2 gatly ýaşaýyş jaýlary-kotejleri, 4 gatly ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly dükanlaryň 10-dan gowragyny, 160 orunlyk çagalar bagyny we 600 orunlyk mekdebi öz içine alar. Kotejleriň gurulmagy 15-nji tapgyryň esasy ayratynlyklarynyň biri bolmak bilen, tapgyrda 200 töweregi 2 gatly kotej jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Gözel Aşgabat şäherimiziň Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda gurlan 3-4 gatly ähli amatlyklary bolan jaýlarda ildeşlerimiziň müňlerçe maşgalasy eşretli döwrüň hözirini görüp ýaşaýarlar we häzirki wagtda bu toplumda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üstünlikli dowam etdirilýär. Paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumy hem çalt ösýän we gün-günden gözelleşýän künjekleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken kararyna laýyklykda “Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumynda 9 gatly 60 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, saglyk öýüni, häzirki zaman enjamlar üpjün edilen 8 sany çagalar bagyny we 600 orunlyk 4 sany umumy bilim berýän mekdebi gurmak meýilleşdirilýär. Nesip bolsa, bu tapgyrlarda gurluşyklaryň tamamlanmagy bilen türkmen paýtagty, gözel Aşgabat şäherimiz dünýäniň iň owadan we iň arassa şäherleriniň birine öwrüler. Emma, gynansakda şäherimizde gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbine laýyk gelmeýän käbir ýagdaýlaryň bardygyny, ýagny şähermizdäki köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda, esasan hem uly köçeleriň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynda sowadyjy enjamlaryň (kondisionerleriň) tertipsiz goýulmagynyň Aşgabat şäherimiziň binagärlik keşbine belli bir derejede täsirini ýetirýändigini hakykatyň hatyrasyna bellemek bolar/ Elbetde, biziň ýurdumyz yssy, jöwzaly tomusly ýurt, şonuň üçin sowadyjy enjamlaryň her bir öýde ulanylmagynyň zerurlygyna düşündiriş bermegiň zerurlygy ýok. Ýöne, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda goýulýan sowadyjy enjamlar tertipleşdirilip goýulsa, ýagny köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň göwrümine (ulylygna) baglylykda sowadyjy enjamlar bu jaýlaryň 1-2-3 ýerinde bir çyzykda üsti owadan örtükli (çehol) tertipli edilip goýulsa, bu ýaşaýyş jaýlarynyň binagärlik keşbi has tertipleşer we owadanlaşar.

Köneler, Atamyrat2015 tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir