Adamyň öz ýaşaýşyna guwanmagy, özüni gurşap alan dünýäden göwni hoş bolmagy üçin ilkinji zerur zat, megerem, saglyk bolsa gerek. Çünki adamyň jany sag bolanda göwni hoş, ruhy belent, şähdi açyk, zähmet çekmäge höwesi uly bolýar. Döredijilikli zähmet çekmek üçin saglyk bilen deň hatarda dünýä standartyna laýyk gelýän mümkinçilikler, şertler gerek. Şeýle şertleriň, mümkinçilikleriň ata Watanymyz Türkmenistanda bardygy we döredilýändigi, elbetde, bizi guwandyrýar. Çagalaryň okamagy, terbiýe alamagy üçin ak mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary, edara- kärhanalar, sagaldyş hem dynç alyş merkezleriniň täze binalary, sport meýdançalary hem ol ýerdäki şertler biziň aýdanlarymyza doly güwä geçýär. Saglygy baş baýlygyna deňeýän halkymyza döwlet tarapyndan birnäçe hemeýatlar edilýär. Esasanam enäniň we çaganyň saglygy berk goralýar. Ýokanç keseller, olardan goranmak, ýokuşan bolsa ilkinji berilmeli kömek, ýüz tutmaly ýerleri, keseliň ýokuşmagynyň sebäpleri, ondan gaça durmak barasynda wagyz-nesihat işleri ilatyň arasynda, mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, ilat arasynda ýörite jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, lukmanlaryň gatnaşmagynda yzygiderli alnyp barylýar. Keselleri ýok etmek, olaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýörite işler geçirilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ýörite Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugu hereket edip, bu ugurda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Şol esasda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ýörite tertibi bellenilip, ol tertip TSG we DSM-iň N 380-nji buýrugy bilen tassyklanandyr. Öňüni alyş sanjymlarynyň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň käbiri hakynda durup geçmek isleýäris. Samjymlar çaganyň dünýä inen ilkinji gününden başlanýar. Bäbeklere doglandan soň ilkinji 24 sagadyň dowamynda wirusly gepatitiň B görnüşine garşy ilkinji sanjymy edilýär. Bu sanjym çaga iki aýlykda, üç aýlykda, dört aýlykda gaýtadan edilýär. Şeýle sanjymlar mekdep okuwçylaryna-da edilýär. Garamyga we gyzamyga garşy bolsa, çaga 12-15 aýlykda, soňra alty ýaşda ýörite sanjymlar edilýär. Olardan daşary, häli-şindi geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri halkyň bu ugurdaky aň-düşünjesiniň has giňemegine ýardam berýär. Çagalar baglarynda, orta mekdeplerde ýörite berkidilen şepagat uýalary her gün ir bilen synplary kabul edip alýar, olaryň arassaçylyk ýagdaýlaryny barlaýar, suw, iýmit bilen baglanyşykly arassaçylyga hem ýörite gözegçilik edilýär. Çünki A gepatit hapaçylygyň, ýuwulmadyk elleriň, gök-önümleriň, ir-iýmişleriň üsti bilen geçýär. Wagyz-hesihatlar bolsa, çagalaryň, şol sanda ulularyň bu ugurdaky düşünjelerini giňeldýär. Adamlar wirusly gepatitiň B görnüşiniň ganyň üsti bilen geçýändigini, gepatitiň A görnüşiniň hapaçylykdan geçýändigini bilýärler. Şonuň üçin seresaplylygy elden bermeýärler. Döwlet tarapyndan sanjymlar mugtuna edilýär. Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalar dürli ýerlere gezelenje gidýärler, ýetişen dürli-dümen miwelerden, gök- önümlerden iýýärler, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Ol ýerlerde hem çagalaryň saglyk ýagdaýlary ýörite gözegçilikde saklanýar. Saglyk gözegçiligi daşary ýurda sapara, zyýarata, gezelenje gidýän hem gelýän raýatlarymyz bilenem ýörite geçirilýär. Şu işleriň hemmesi ýurdumyzda saglygyň baş baýlyk hasaplanylýandygyna, raýatlaryň saglygy ugrunda uly alada edilýändigine, galyberse-de ýurdumyzyň ilatynyň saglyklaryny goramak, keselleriň öňüni almak, wagtynda lukmanlara ýüz tutmak baradaky aň-düşünjeleriniň barha kämilleşýändigine ýene bir gezek güwä geçýär. Türkmenistanyň raýaty bolup, halkyň saglygy ugrunda alnyp barylýan işlerde biziň döwlet syýasatyny goldamagymyz, öz saglygymyz hakynda irginsiz alada etmegimiz, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagymyz, zähmete ukyplylygymyz we işjanlylygymyz bilen bu işe mynasyp goşant goşup bileris. Siziň her biriňize bu ugurdan üstünlik arzuw edýäris.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir