Häzirki döwürde hemmämiziň bilşimiz ýaly dünýäde ykdysady batgynlygyň we syýasy garşylyklaryň dowam etmegi dünýä ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň peselmegine alyp barýar. Bütin dünýäde esasy ýangyç hökmünde ulanylýan nebitiň nyrhlarynyň öňküsi ýaly pes bolmagy dünýä ykdysadyýetine, şol sanda biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Emma, muňa garamazdan, ýurdumyzda içerki önümiň ösüş depgini 10 göterime golaý derejede durnukly saklanylýar we ýurdumyzyň ykdysadyýetine köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirilýär. Milli Liderimiziň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejelerini has-da ýokarlandyrmak hakynda edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda zähmet çekýän raýatlarymyzyň zähmet haklarynyň, döwlet pensiýa pullarynyň, maýyplara berilýän döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberi her ýylda 10 göterim möçberinde yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ine, Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň iýun aýynyň 5-ne geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bu meselä gaýdyp gelmek bilen 2016-njy ýylyň Döwlet býujeti işläp taýýarlanylanda zähmet haklarynyň, döwlet pensiýalarynyň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň azyndan 10 göterim ýokarlandyrmagynyň göz öňünde tutulmagy barada degişli tabşyryklary berdi. Bütin dünýade ykdysady gatnaşyklaryň çylşyrymlaşýan döwründe ýurdumyzda içerki önümiň ösüş depgininiň her ýylda 10 göterim derejesinde saklanylmagy, munuň özi eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlydygynyň, durnuklydygynyň aýdyň subutnamasydyr we zähmet haklarynyň, döwlet pensiýalarynyň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň azyndan 10 göterim ýokarlandyrmagy bolsa, Milli Liderimiz tarapyndan raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar we bolçulykda ýaşamagy barada edilýän tükeniksiz aladalaryň biridir.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir