Amerikan “Ford” kompaniýasynyň ady rowaýata öwrülen “Mustang” modeliniň döredilenine 50 ýyldan gowrak wagt geçdi. 1964-nji ýyldan bäri onuň dürli görnüşleriniň 9 milliondan gowragy müşderilere ýetirildi. Ulagyň şu ýyl döredilen altynjy nesli Ýewropa ýurtlaryna hem ugradylar. Ulag 1964-nji ýylda ilkinji gezek Nýu-Ýorkdaky serigde köpçülige görkezilipdir. Ol häzire çeni diňe Demirgazyk Amerika bazaryna niýetlenip çykarylypdy. Onuň Ýewropa niýetlenen täze nusgasyndan eýýäm 2 müň 600 sanysy sargyt edilipdir. “Mustangyň” hereketlendirijisiniň göwrümi 5 litr. Sagatda 100 kilometr tizlige 4,8 sekuntda çykýar. 421 at güýjüne barabar kuwwaty bolan täze model 100 kilometrde 13,5 litr benzin ýakýar. Onuň jemi 10 dürli reňkli görnüşi bolup, iň köp gyzyl reňklisine isleg bildirilmegine garaşylýar. “Mustang” ulagyň dünýä belli kinolarda ulanylmagy onuň meşhurlygyny has hem artdyrdy. Şeýle hem ol şekilli aýdymlarda ýüzlerçesinde we kompýuterlerde ulanyldy. Geçen ýyl onuň täzelenen görnüşi Nýu-Ýorkdaky “Empire States” binasynyň üçeginde ilkinji gezek köpçülige görkezilipdi. Şeýle hem onuň 2014-nji ýylda öndürilen iň soňky nusgasy dünýäniň iň beýik binasy hasaplanýan Dubaýdaky “Burj Halifa” binasyna çykarylypdy.