Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda adam hakdaky, onuň bagtyýarlygy, röwşen geljegi hakdaky aladalar ilkinji orunda goýulýar. Uruş we zähmet weteranlary, ene we çaga hakynda, pensionerler, maýyplar we talyplar barada döwlet tarapyndan edilýän aladalar ilat arasynda uly goldawa eýedir. Biziň ýurdumyzda erkek adamlar - 62, aýal maşgalalar - 57 ýaşda pensiýa çykmak hukugyna eýedirler. Şeýle hem zähmetiň agyr we zyýanly şertlerinde işlän adamlaryň pensiýa çykmaly ýaşy 6-dan 10 ýyla kemeldilip, olara goşmaça ýeňillikler döredilýär. Häzirki wagtda çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi birinji we ikinji doglan çagalar üçin-260 manat, üçünji doglan çaga üçin- 500 manat, dördünji we soňky doglan çagalar üçin -1000 manada deňdir. Mundan başga hem çaga seretmek boýunça çaga 3 ýaşaýança her bir çaga üçin her aýda 130 manat möçberinde döwlet kömek puly berilýär. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, uruş weteranlarynyň pensiýalarynyň iň pes möçberi 878 manat, iň ýokary möçberi 1184 manat, uruş weteranlarynyň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň iň ýokary möçberi 1077 manat möçberde, uruşda wepat bolan ýa-da nam-nyşansyz giden urşa gatnaşyjynyň ýanýoldaşyna 580 manat, uruşdan gaýdyp gelenden soň aradan çykan urşa gatnaşyjynyň eklenjinde bolan ýanýoldaşyna 420 manat möçberinde döwlet kömek pullarynyň berilmegi bellenildi. Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda, biziň ýurdumyzda işläp, pensiýa alýanlaryň pensiýalary doly we öz wagtynda hiç bir bökdençsiz tölenilýär. Döwletiň goldamagynda mätäç bolan maýyplar barada hem döwltimizde uly aladalar edilýär. Olara tölenilýän döwlet kömek pullaryna goşmaça tölegler çagalarynyň kämillik ýaşyna ýetýänçä, şeýle-de keseki kömegine mätäç bolanlara hem goşmaça tölegler bellenilýär. Şeýle hem maýyplara durmuş ýeňillikleri hem berilýär. Şeýle-de ekleýjisini ýitiren çagalara döwlet tarapyndan ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýalar tölenilýär, bu pensiýa bilen başlangyç, orta we ýokary hünär edaralarynda okaýan çagalar hem 24 ýaşa çenli üpjün edilýär. Ýurdumyzyň dürli okuw edaralarynda okaýan talyplarymyza hem döwlet tarapyndan talyp haklary berilýär. Emma, “süri agsaksyz bolmaz” diýlişi ýaly, ýurdumyzda ýokarda mysal getirilen adam hakyndaky örän uly aladalaryň edilýändigine garamazdan, nadan we düşünjesiz käbir adamlar tarapyndan “aý ine pensiýanyň we beýleki döwlet kömek pullarynyň berilmegi ýatyryljakmyşyn“ diýen ýaly ýalan, hiç bir esassyz boş gürrüňleriň ýaýradylmagy bizi, ýurdumyzyň ak ýürekli, watansöýüji raýatlaryny örän gynandyrýar.

Köneler, nexttmm tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir