Ýazynyň ötgür galamynyň astyndan çykan “Ýuwaş gelin” powesti onuň özüne-de, tutuş türkmen edebiýatyna-da uly abraý getiren eserdir. Merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimizde Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. 1941-nji-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlara, bu ýowuz urşa gatnaşan weteranlarymyza, söweşijileriň yzlarynda galan ak saçly enelerimize uly hormat edildi. Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyna taýýarlyk görülýän döwürde metbugatymyzda frontda wepat bolan, ondan sag-aman gaýdyp gelen ýazyjy-şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň döredijiligine bagyşlanan makalalaryň ençemesi çap edildi. Çünki türkmen edebiýatynyň ösüş tapgyrynda Ikinji jahan urşy ýyllarynyň edebiýaty aýratyn orny eýeleýär. Bu döwrüň edebiýaty özüniň belent hyjuwy, okyjylary ýowuz duşmanyň garşysyna göreşe çagyryşy bilen aýratyn häsiýete eýedir. Türkmen edebiýatynda bu temany ösdürmekde aýratyn hyzmat bitiren ýazyjylaryň biri-de tanymal ýazyjy Naryman Jumaýewdir. N.Jumaýew 1925-nji ýylda dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan köp okamagy özüne endik edinipdir. Orta mekdebi tamamlanyndan soň, ylym-bilime bolan höwesi ony Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine alyp barýar. Uniwersitetde okan ýyllary edebiýata bolan çäksiz söýgi onda çeper döredijilige höwes döredýär. N.Jumaýewiň döredijilikde ilkinji ýykgyn eden ugry hekaýa žanrydyr. Ol oba durmuşy, daş-töwereginde bolup geçýän wakalary, oba adamlaryna mahsus gylyk-häsiýetleri hekaýalarynda özboluşly äheňde beýan edipdir. Eýýäm, ellinji ýyllaryň ahyryna çenli onuň birnäçe hekaýalary okyjylara ýetirilipdir. “Ak derek”, “Akmaýanyň ýoly”, “Kyýas”, “Öwrüm” ýaly birnäçe powestleri, taryhy temadan ýazan “Jeýhun”, “Welaýat” romanlary bolsa oňa uly şöhrat getirýär. Ýazynyň ötgür galamynyň astyndan çykan “Ýuwaş gelin” powesti onuň özüne-de, tutuş türkmen edebiýatyna-da uly abraý getiren eserdir. Halkara “Družba narodow” žurnalynyň baýragyna mynasyp bolan bu eser dünýäniň köp halklarynyň dillerine terjime edilýär. Bu eseriň esasynda döredilen film häli-häzire çenli ekrandan düşmän gelýär. Ýazyjy eserinde oba durmuşy, türkmen gelnine mahsus bolan milli gylyk-häsiýetleri Ýuwaş gelniň keşbiniň üsti bilen doly açyp görkezýär. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň başlanmagy bilen N.Jumaýew ilkinjileriň hatarynda söweş meýdanyna çykyp, urşuň ýowuzlyklaryny gözi bilen görüp, egni bilen çekýär. Şonuň bilen hem ýazyjynyň döredijiliginde 1941-1945-nji ýyllaryň uruş temasy uly orun tutupdyr. Onuň bu temadan döreden “Ýeňiş ýylynyň hekaýaty”, “Uruş ody” powestleri we başga-da ençeme hekaýalary ýalynly ýyllaryň wakalaryndan söhbet açyp, okyjyda ene topragyň asudalygyna bolan çuňňur söýgi, duşmana bolan ýigrenç döredýär. Ýazyjynyň eserleriniň biri-de “Aýdogdy Tahyrow” romanydyr. Adyndan belli bolşy ýaly, roman 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezen, türkmen halkynyň merdana ogly Aýdogdy Tahyrowyň durmuş we söweş ýoluny suratlandyrýar. 1942-nji ýylda güneşli ülkämiziň zähmetkeşleri öz serişdeleriniň hasabyna 87-nji türkmen atyjylyk brigadasyny döredip, fronta ugradýar. Söweş günleriniň birinde Moskwanyň eteginde bu brigada dabaraly ýagdaýda baýrak gowşurylýar. Şonda bütin süňňi söweşijilik ruhuna ýugrulan Aýdogdy Tahyrow türkmenleriň adyndan çykyş edip, söweşjeň esgerleriň iň soňky damja ganyna çenli Watan üçin söweşjekdiklerini hyjuw bilen beýan edýär. Bu tolgundyryjy çykyş ähli adamlarda ýakymly, ýatdan çykmajak täsirleri goýýar. 87-nji türkmen atyjylyk brigadasy söweş meýdanlarynda iň kyn ýerlerde hereket edýär. Şeýle kyn ýagdaýlarda Aýdogdy Tahyrowyň görkezýän ýanbermezligi, uly gahrymançylygy eserde aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Ýazyjy bu romanyny döredende, hakykata, dürli resminamalara salgylanypdyr. Ol eserinde hakyky bolup geçýän wakalary suratlandyrmaga çalşypdyr. Ýazyjy N.Jumaýewe 1941-1945-nji ýyllaryň urşundan aman-sag dolanyp gelmek miýesser edýär. Onuň uruşdan soňky ykbaly hem döredijilik bilen bagly bolýar. Ol dürli ýyllarda “Parfiýa”, “Çarhypelek”, “Ýeňiş”, “Adalatly göreş” ýaly birnäçe eserleri döredýär. Ussat ýazyjynyň eserleri esasynda pýesalar ýazylyp, sahnalarda goýuldy, kinofilmler döredildi. Olaryň ençemesi doganlyk halklaryň dillerine terjime edildi. Tanymal ýazyjy Naryman Jumaýewiň türkmen edebiýatynyň ösmeginde bitiren hyzmatlary örän uludyr. Onuň durmuş wakalaryndan söhbet açýan çuň mazmunly eserleri hemişe öz ähmiýetini saklap, okyjylar köpçüliginiň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna hyzmat edýär. Amangeldi HALLYÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, dosent.