Ýaz aýlarynyň ilkinji miweleriniň biri bolan ýertudanasy lezzetli bolmagy bilen bir hatarda saglygymyza peýdaly bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Lukmanlar bu miwäniň gözümiziň sagdynlygyna we ganymyzyň arassalanmagyna ýardam edýändigini belleýärler. Şeýle hem ýertudanasynyň tenimiziň hem gözel bolmagyna nepi degýär. Diş etleriniň sagdyn bolmagyna ýardam edýän bu iýmiş bedeniň immunitetini berkidýär. Onuň düzüminde suw we süýüm mukdary köp bolansoň, adam bedeniniň agramynyň kadaly bolmagyna peýdasy degýär. Ýeri gelende aýtsak, bu miwäniň ýigrimiden gowrak görnüşi bar. Bu miweler C witaminine diýseň baý. Otjumak ösümlik bolan ýertudananyň köki o diýen aşaklygyna ösmeýär. Onuň kökleri ýumşak ýerlerde 60-70 sm-e çenli, gatyrak ýerlerde ýeriň aşagynda keseligine ösýär. Onuň gülleri tozanlandan soňra, 30-35 günüň dowamynda miweleri ýetişýär. Ol yssy howaly ýerlerde gyşyna hem ösdürilip ýetişdirilýär.