SAÇYNY HIMIKI BOÝAGA REŇKLEÝÄN ZENANLARA 5 MASLAHAT. Saçynyň reňkini üýtgedip, has-da gözel görünmek zenanlaryň hemmesine diýen ýaly mahsus. Bu öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Geçen asyrlar täjirler hyna, basmadyr sürme ýaly boýaglary “Beýik Ýüpek ýolunyň” üsti bilen Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Özbegistanyň bol bazarlaryndan getiripdirler. Bu tebigy boýaglar häzirki zaman himiki boýag serişdelerinden tapawutlylykda, saçyň düýbüni berkidýär, ony iýmitlendirip, ýüpek ýaly ýumşak edýär. Emma näme üçindir köp zenanlar himiki boýaglary ulananlaryny göwnemakul görýärler. Saçyny öý şertlerinde boýamak reňkini üýtgetmek islän zenanlar halan boýagyny satyn alýarlar. Ýöne ol reňk ulanylanda-da, saç, köplenç, olaryň garaşyşy ýaly boýalmaýar. Ýagny saç gutudaky görkezilen reňke boýalman, görnüşinden ýagty, ýa tutuksy bolýar, iň erbet ýerem, reňk deň düşmän, saçyň ala boýalan halatyna-da gabat gelinýär. Hünärmenleriň beren şu maslahatlaryndan peýdalansaňyz,megerem, şol ýagdaýlara gabat gelmersiňiz. 1. Gymmadam bolsa, kosmetik serişdeleri öndürýän dünýä belli şereketleriň önümlerini ulanyň. Arzan, emma näbelli boýaglardan daşda duruň! Sebäbi olar kelläniň derisiniň guramagyna,goňagyň hem-de gijilewügiň emele gelmegine getirip biler. 2. Dogrusy, zenanlar saçynyň aýratynlyklaryny öwrenip ýada zenan çaglary boýunça hünärmen bilen maslahatlaşyp, soňra boýag saýlamaly. Himiki boýaglar ýörite kosmetik serişdeler satylýan dükanlardan satyn alynsa dogry hasaplanýar. Boýagyň gutusynda şol serişde barada doly maglumatlar ýazylan bolmalydyr. Ýagny, gutuda boýag saçyň haýsy (ýagly, gurak ýa-da garylan) görnüşi üçinligi, düzümi, ulanyş düzgünleri, möhleti birin-birin görkezilmelidir. 3. Gara saçyny ýagtyltmak islän zenanlar, ilki bilen saç agardyjy serişdäni ulanmaly bolýar. Ol saç tarlarynyň reňkini “öçürýär”. Bu himiki serişde örän güýçli bolansoň, ony seresap ulanmaly. Aslynda, saçynyň reňkini düýpli üýtgetjek zenanlar dellekhana baryp, hünärmenlere ýüz tutsalar, has dogry bolardy. 4. Käbir zenanlar saçyny boýap, kellesini polietilen haltajygy bilen ýapýarlar. Bu düýbünden nädogrudyr. Kelle hökmany suratda “dem almalydyr”. Ýogsam, saçyň düýbi ýanyp, onuň düşmegine getirer. Polietilen haltajyk diňe hyna bilen basma ýaly tebigy boýaglary ulananyňda geýilýär. Şeýdilende,boýag saç tarlaryna mazaly siňip, onuň gurluşyny has-da gowulandyrýar. 5.Köplenç saç düýbüniň agaryp, ýokarlarynyň reňki bolsa häli “öçmedik”halatlary gabat gelýär. Şeýle bolanda,ilki bilen saçyň düýbüni boýap, 5-10 minut soňundan ýokarlaryny boýamaly. Ilki himiki boýag serişdelerini ulanyp, soňra tebigy boýaglara geçmek isleýän zenanlar muňa diňe bir aýdan gowrak wagt geçensoň girişmelidirler.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir