Magtymguly Pyragy: ”Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun” diýip, örän jaýdar belläp geçipdir. Türkmenistan döwletinde Saglyk ulgamynda alnyp barylýan işlerden görnüşi ýaly, raýatlaryň saglygy barasynda uly alada edilýär. Muny biz inçekeseliň garşysyna alnyp barylýan işlerde-de, aňryýany bilen düşündirip bileris. Internet habarlarynda, dünýä ýurtlarynyň arasynda 56 döwletiň arasynda 18 döwletde inçekeseliň artandygy nygtalýar. Şol döwletleriň arasynda Türkmenistanyň adynyň tutulmagy gynandyryjy ýagdaý. Ýöne şu meseläniň (inçekeseliň öňüni almak) giň gerimde çözülýändigi, inçekeseli ýok etmek ugrundaky alyp barylýan işleriň netijeliligi bellärliklidir. Häzirki wagtda ilatyň esasy böleginde inçekesele garşy işler amala aşyrylýar. Maşgala lukmanlary tarapyndan bu kesel bilen kesellän adamlar berk gözegçilikde saklanylýar hem bejergi alýarlar. Bu babatda lukmanlaryň beren seljermesi esasynda anyk maglumatlary mysal getirmek mümkin. Onda 2014-2015-nji ýyllaryň 3 aýyna seljerme berlipdir. Seljermede görkezilişi ýaly, 2015-nji ýylyň üç aýynda 62 sany öýken inçekeseli hasaba alnyp, ol görkeziji geçen ýyl (63) bilen deňeşdireniňde bir hadysa azalypdyr. Bassilýar näsaglaryň sany bolsa 21 dereje azalypdyr. Şu ýylyň üç aýynda inçekeselden ölenleriň sanynyň azalandygyny-da, deňeşdirmeler görkezýär. Ol görkeziji 2014-nji ýylda 13 sany bolan bolsa, 2015-nji ýylda 9 sany. Üstümizdäki ýylyň üç aýynda inçekeseliň öňüni almak we ir döwürde ýüze çykarmak üçin geçirilen rentgen-flýurografiýa barlaglarynyň sany-da köpeldilipdir. Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölümi keselçiligi elmydama gözegçilikde saklaýar hem derňäp durýar. 2015-nji ýylyň 3 aýynda inçekeseliň bassilýar ojaklarynda yzygiderli fitiatr, maşgala lukmanlary bilen bilelikde geçirmeli öňüni alyş-sagaldyş, zyýansyzlandyryş (gündelik we gutarnykly) çäreleri gözegçilikde saklanylýar. Her aýda IBÖAM-de näsaglar bilen galtaşykda bolanlaryň rentgen-flýurografiýa barlaglaryndan geçirilişi, himiýa öňüni alyş bejerilişi, tuberkulin serişdeleriniň saklanyş düzgünlerini, R-manty çagalara edilişi we netijeleriniň bellenişi, merkezde hlor hekiniň saklanyş we goýberiliş düzgünleri, dez kameranyň işi barlanyldy. Saglyk öýlerinde Algarifm boýunça inçekeseliň töwekgel toparlarynyň dispanser hasaba alnyşy we olarda keseliň öňüni alyş çäreleriniň geçirilişi barlanyldy. Şeýle-de rentgen flýurografiýa apparatlarynyň işleýşi, ilatyň rentgen-flýurografiýa barlaglaryndan geçirilişi, gakylyk barlaglary, DOTS otagynyň işleri barlanyldy. 2015-nji ýylyň üç aýynda hereket edýän buýruklar boýunça inçekeseliň öňüni almak barada 2 sany maslahat okuw we 12 sany leksiýa (2014-nji ýylda 3 sany maslahat okuw, 6 sany leksiýa) geçirildi. Bu lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna, ilatyň bu ugurdaky maglumat baýlygyna itergi berdi. Türkmenistanda içekeseliň garşysyna işler tutuş jemgyýetçilik durmuşynda alnyp barylýar. Çagalar bagyna barjak çagalardan başlap, mekdebe, ýokary okuw mekdebine, zähmet ojagyna gadam basýan adamlara çenli inçekesel anyklanyş barlagyndan geçirilýär. Çagalar baglarynda, orta mekdepleriň işgärleri her üç aýdan, mugallymlar ýylda bir gezek- ýörite saglygyny anyklaýan barlaglardan geçirilýär. Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlara çykjak raýatlar hem şeýle barlaglardan geçirilýär. Ine, şu görkezijiler Türkmenistanda inçekeseliň artýandygyny däl-de, peselýändigini, barha azalýandygyny, bu keseliň garşysyna düýpli göreş alnyp barylýandygyny dolulygyna subut edýär. Ýurdumyzda bu ugurda uly üstünlik gazanyljagyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir