Paýtagtymyzyň Parahat medeni dynç alyş merkezinde lukmançylyk orta okuw mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklary Milli merkezi we onuň pudak geňeşi tarapyndan gurnaldy. Bäsleşikde geljekdi hünärmenleriň kär endikleri, ussatlygy bahalandyryldy. Olar eminleriň soraglaryna jogap berdiler, teklip edilen dürli ýagdaýlardan başyňy alyp çykmak we ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de olaryň döredijilik, aşpezlik ukyplary, sporta we sagdyn durmuşa bolan höwesleri göz öňünde tutuldy. Emin agzalarynyň hemme bäsleşige gatnaşyjylary hormat münberine çagyrmak baradaky çözgüdi ähli gatnaşyjylar üçin garaşylmadyk waka boldy. Bäsleşigi gurnaýjylaryň yglan eden Baş baýragyna Aşgabat şäheriniň I. Gandi adyndaky lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary mynasyp boldular. Birinji orna Balkan welaýatynyň Lukmançylyk orta mekdebiniň, ikinji orna Daşoguzyň Lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary mynasyp boldular. Üçünji orny Türkmenabadyň we Marynyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň talyplary paýlaşdylar. Hemme gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşurylyp, geljekde ökde hünärli lukmanlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir